22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Ýylyň Birinji Çärýeginde Senagat Önümçiliginiň Döwlete Degişli Bolmadyk Ulgamynda Depginli Ösüş Hasaba Alyndy

Ýylyň Birinji Çärýeginde Senagat Önümçiliginiň Döwlete Degişli Bolmadyk Ulgamynda Depginli Ösüş Hasaba Alyndy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017 –nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleri 2016-njy ýylyň şol döwründäkiden 32,6 göterim köp, oba hojalyk we azyk önümleri 47 göterim artyk öndürildi.

Şu ýylyň birinji çärýeginiň görkezijileri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda senagat önümçiliginiň, şol sanda azyk önümleriniň öndürilişiniň işjeň ösýändigini tassyklaýar. Hususan-da, 2017-njy ýylda bu ulgamda şöhlat önümleriniň öndürilişi 25,4 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 22,9 göterim, gaplanan miwe-gök önüm öndürilişi 22,6 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 13,8 göterim ýokarlandy.

TSTB boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda söwda dolanyşygynyň möçberiniň ösüşi 13,9 göterime deň boldy. Hyzmat ediş ulgamynda ösüş 18,9 göterim boldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň möçberi binýatlyk görkezijä görä bolan gatnaşyk babatda 25 göterim köpeldi.

Degişli makalalar

Aşgabat 2017 Oýunlar Akademiýasyna Işe Almak Maksatnamasyna Başlaýar

turkmenhabargullugy

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-Ministriň Orunbasarynyň Ýolbaşçylygyndaky Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

turkmenhabargullugy

Göç idaresi: Turizm Amaçlı Kısa Dönem İkamet İzinleri Hakkında duyuru

turkmenhabargullugy