14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ekologiýa Meselesi Türkmen-Gazak Hyzmatdaşlygynyň Möhüm Ugurlary Hökmünde Görkezildi

Ekologiýa Meselesi Türkmen-Gazak Hyzmatdaşlygynyň Möhüm Ugurlary Hökmünde Görkezildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Prezident Nursultan Nazarbaýew bilen geçiren gepleşiklerinde ekologiýa meselesini ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mmöhüm ugry hökmünde görkezdi.

Milli Liderimiz döwletleriň ikisiniň hem Aralýaka ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm sebitleýin düzüm bolup durýan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge çalyşýandyklaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gaznada başlyklyk etmeginiň degişli Konsepsiýasyny işläp taýýarlandygyny, onda agza döwletleriň bilelikdäki işiniň möhüm meýilnamalarynyň beýan edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gaznanyň işiniň netijeli we anyk häsiýete eýe bolmagynda Gazagystan bilen ýygjam hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Nobatdaky Tapgyry Ulanmaga Berildi

Türkmen Restawratorlary Nakgaşlaryň Işlerini Dikeltdiler