01.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY SYÝASAT

Mejlisiň Deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşleriň Agzalygyna Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary Geçirilýär

Mejlisiň Deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşleriň Agzalygyna Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary Geçirilýär

Türkmenistanda welaýatlaryň dolandyryş-çäk düzüminiň üýtgemegi mynasybetli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär.

Saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň barşynda iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna hem-de halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk häsiýetleri, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.

Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Degişli makalalar

OPEK Türkmenistanda Hususy Ulgamy Goldamak Üçin ABŞ-nyň 10 Million Dollary Möçberinde Maýa Goýum Goýar

turkmenhabargullugy

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bellenýär.

syrach

BİLDİRİŞ

syrach