01.12.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Senagat Ministrligi Kelete Sement Zawodynyň Kuwwatyny Artdyrmagy Göz Öňünde Tutýar

Senagat Ministrligi Kelete Sement Zawodynyň Kuwwatyny Artdyrmagy Göz Öňünde Tutýar

Türkmenistanyň Senagat ministrligi Kelete sement zawodynyň binýadynda ýyllyk kuwwaty 300-600 müň tonna semende barabar bolan önümçilik ulgamynyň gurluşygy boýunça halkara maýa goýum bäsleşigini ylgan etdi.

Kelete sement zawody 2000-nji ýylda ulanmaga berildi. Onuň kuwwaty ýylda 686, 3 müň tonna semende barabardyr. Kelete kärhanasyndan başga-da, pudagyň düzümine Baharly, Balkan we Lebap sement zawodlary girýär. Olaryň her biriniň ýyllyk kuwwaty 1 million tonna önüme deňdir.

2016-njy ýylda türkmen sementiniň eksporty, 2015-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 7,7 esse artdy.

Degişli makalalar

Türkmen Talyplara Bildiriş

syrach

Prezidentimiz Belarusyň Milli Ýygnagynyň Başlygyny Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanlylaryň Müňlerçesi Aşgabat 2017-niň Açylyş we Ýapylyş Dabaralaryna Gatnaşmak Üçin Synanyşyklara Gatnaşýarlar

turkmenhabargullugy