22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek, ýaşlary hokkeý oýny bilen meşgullanmaga giňden çekmek, olary ýeňişlere höweslendirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermek hem-de sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda 2012-nji ýylyň 4-7-nji apreli aralygynda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça geçirilen ýaryşda 1-nji orny eýelän Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” hokkeý topary 20 000 amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy hem-de bu hokkeý topary “Ak bars” hokkeý klubunyň çagalar mekdebiniň (Kazan şäheri) binýadynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin, 2012-nji ýylyň 20-nji apreli-5-nji maýy aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde saparda bolar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Lebap Welaýatyna Ugrady

turkmenhabargullugy

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach

Aşgabatda Tälimçileriň Okuw-Maslahatyna Badalga Berildi