25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistan we Germaniýa Özara Bähbitli Hyzmatdaşlygyň Kuwwatyny Artdyrýarlar

Türkmenistan we Germaniýa Özara Bähbitli Hyzmatdaşlygyň Kuwwatyny Artdyrýarlar

Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi.

Duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň daşary ykdysady syýasat bölüminiň ýolbaşçysy, ministriň orunbasary jenap Ekhard Fransyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi.

Iki ýurduň iş toparlarynyň ýolbaşçylary mejlisi açyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ugry boýunça ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny nygtadylar. Şu gatnaşyklary pugtalandyrmakda bilelikdäki türkmen-german iş toparyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Germaniýany Ýewropa Bileleşigi bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlyk babatda özüniň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar. Öz nobatynda, GFR ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýär. Iri nemes kompaniýalarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

German kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigi bellärliklidir, olar indi ençeme ýyllaryň dowamynda dürli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmaga ugur alan Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary hem-de möhüm düzümleýin taslamalar bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Meşhur nemes firmalarynyň ýurdumyzda özleriniň şahamçalaryny hem-de wekilhanalaryny açmagy hem amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda Germaniýanyň işewür toparlarynyň öz eýeleýän orunlaryny berkitmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde özara bähbitli hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň, şol sanda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň geçen ýylyň aprel aýynda Berlinde geçirilen mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Toparyň başlyklary häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini belläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigini bellediler. Ýurdumyz bu babatda ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýedir, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň iberilýän eksport ugurlaryny, şol sanda Ýewropa ugruny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz bu möhüm ulgamda iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak bilen, ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär we energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar ählumumy goldawa hem-de dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe boldy.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek şu mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ulgamy ösdürmek geosyýasatyň aýrylmaz bölegi, dünýä möçberinde durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge ukyply kuwwatly goşulyşmak serişdesi bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döredijilikli başlangyçlary hem-de Türkmenistanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak, ulag gatnawlarynyň utgaşdyrylan ulgamyny döretmek boýunça geçirilýän giň möçberli işler bu strategiki ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bularyň ählisi nemes hyzmatdaşlarymyz bilen tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, german tarapynyň wekilleri esasy nemes kompaniýalarynyň iri düzümleýin taslamalaryna, hususan-da, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň durkuny täzelemek, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek ýaly taslamalara işjeň gatnaşmaga çalyşýandyklaryny bellediler.

Obasenagat toplumy hem-de Türkmenistana oba hojalyk tehnikalaryny ibermek ulgamynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda nemes kompaniýalarynyň hyzmat ediş binýadyny giňeltmäge hem-de olaryň inžener-tehniki işgärleri taýýarlamaga işjeň gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer – medeni ulgamda taraplaryň bilelikde üstünlikli işlemeginde, şol sanda türkmen we nemes alymlarynyň golýazma mirasyny aýawly saklamak we arheologiýa gözlegleri ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Marguşa – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň patyşalygyna degişli gadymy gymmatlyklaryň sergisini guramak baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sergini 2018-nji ýylda GFR-de geçirmek göz öňünde tutulýar.

Degişli ägirt uly tejribä eýe bolan german kompaniýalary ekologiýa ulgamynda, iň täze tehnologiýalary, işjeň dynç almak düzümini ulanmagyň, myhmanhana işini guramagyň esasynda tebigy, arheologiki we taryhy-medeni desgalary özleşdirmekde toplanan iň gowy tejribäni alyşmaga ýardam etmäge hem taýýardyr.

Myhmanlar öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny aýdyp, Germaniýanyň bu ulgamda dünýäniň ykrar edilen öňdebaryjylarynyň biri bolmak bilen, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalary teklip etmäge taýýardygyny bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak hem-de ony innowasiýa ösüş ýoluna işjeň geçirmek strategiýasy babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň ahyrynda german wekiliýetiniň baştutany Ekhard Frans türkmen tarapyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşalyk bildirip, şeýle işewür forumlaryň köpýyllyk türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Degişli makalalar

Türkmenistan-GDA: Ynsanperwer Ulgamda Hyzmatdaşlyk Ösdürilýär

turkmenhabargullugy

23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Bilen Saýlawçylaryň Nobadaky Duşuşyklary Geçiriler

Prezidentimiz Sebitde Iri Halkara Howa Menzilini Işe Girizmek Dabarasyna Gatnaşdy

syrach