21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hazaryň Türkmen Kenarynda Ýokary Derejedäki Türkmen-Özbek Gepleşikleri Geçirildi

Hazaryň Türkmen Kenarynda Ýokary Derejedäki Türkmen-Özbek Gepleşikleri Geçirildi

“Awaza” Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Iki ýurduň wekiliýetleri ikiçäk görnüşinde we giňişleýin düzümde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň baştutanlary syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde sebitdäki we Aziýa yklymyndaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak gepleşikleriň aýratyn meselesi boldy.

Şeýle hem türkmen we özbek liderleri netijeli söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitapaplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni-ynsanperwer we ylmy
ugur boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar bu ulgamlarda çäreleri – iki ýurduň medeniýet günlerini, döredijilik, ylmy forumlary geçirmek barada ylalaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen we özbek türgenleri ýurtlaryň ikisinde geçirilýän ýaryşlara hem işjeň gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu iri ýaryşlara Özbegistanyň wekilçilikli toparynyň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Degişli makalalar

Mergenler Ýaryşdylar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşlar Syýasaty Boýunça Maslahat Geçirdi

turkmenhabargullugy

Türkmen Žiwopisçileriniň Suratlarynda – Taryh we Däpler

turkmenhabargullugy