Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Aşgabadyň şäher düzümini ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamasy ilat üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän döwrebap şähergurluşyk syýasatynyň bu möhüm ýörelgesi Aşgabadyň merkezi böleginde durkuny täzelemek işlerinde doly derejede amala aşyrylýar. Bu ýerde döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny döretmek bilen birwagtda, köçeleri we şaýollary giňeltmek we abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar, täze ýol aýrytlary peýda bolýar, iri ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň baş şäheri keşbini üýtgedip, has owadan şäherleriň birine öwrülýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Bu çäreler özüniň oňyn netijelerini berýär diýip, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary belleýärler, indi isleýän ýeriňe has tiz baryp bolýar, öňler hereketiň has ýygjam köçelerinden hem indi aňsatlyk bilen geçip bolýar—köçelerdäki dykynlar aradan aýryldy, hereket howpsuzlygynyň derejesi ýokarlandy.
Aşgabadyň Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegi bilen baglylykda onuň keşbi özboluşly häsiýete eýe bolup özgerýär, şäherdäki ýagdaýa baýramçylyk ruhuny çaýýar hem-de ägirt uly sport wakasynyň başlanmagyna garaşmak tolgunmasy duýulýar. Türkmen paýtagty Aziýa oýunlaryny kabul edýän şäheri hökmündäki derejesini—iň mähriban we myhmansöýer şäher derejesini tassyklaýar.
Kärdeşler arkalaşyklary seýilgähiniň durky täzelendi
9-njy etrapçada ýerleşýän hem-de mundan onlarça ýyl ozal gurlan Kärdeşler arkalaşyklary seýilgähiniň durkunyň täzelenmegi paýtagtymyzyň köne desgalarynyň şertlerinde amatly gurşawyň döredilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir. Alty Garlyýew köçesinden 10-njy etrapçadaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow köçesiniň birinji geçelgesine çenli uzap gidýän bu gök zolak gaýtadan guruldy. Agaçlar hem-de gyrymsy ösümlikler bilen gurşalan köçeleriň gatnaw böleginde asfalt örtügi we aýmançalar çalşyryldy.
Pyýadalar üçin niýetlenen zolagyň hem durky täzelendi—seýilbagda beton ýanýodalary çekildi, bezelen çyralar oturdyldy, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary guruldy, kiçi binagärlik nusgalar oturdyldy, köne agaçlara timar berlip, täze köp ýyllyk we durnukly agaç nahallary ekildi.
Ýerasty we ýerüsti geçelgeler—hereket howpsuzlygy
Aşgabadyň ýol-ulag düzümini ösdürmek dowam etdirilýär. Paýtagtymyzyň awtomobil ýollaryny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde gurluşykçylar Döwlet sirkiniň ýanyndaky ýerasty awtomobil geçelgesiniň hem-de Magtymguly şaýolunyň beýleki bölekleriniň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar.
Nurmuhammet Andalyp we “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň kesişýän ýerinde ýerasty geçelgeleriň ýene biri açyldy. Şeýle hem bu köçäniň ugrunda üsti aýlaw halkaly awtomobil tonneli ulanmaga berildi. Indi köp hereketli bu çatryk pyýadalar üçin has howpsuzdyr we awtoulaglar üçin geçirijilik ukyby ýokarlandy.
Howpsuz pyýada geçelgesi ýakynda Azady köçesiniň ugrunda açyldy, ol Maýa Kulyýewa köçesini “Gülüstan” bazary bilen birleşdirdi. Ýakyn wagtda Azady köçesinde “Teke bazary” bilen şäher içinde gatnaýan awtobuslaryň duralgasynyň arasynda ýene-de bir pyýada geçelgesi işläp başlar. Ýakyn wagtda ýerüsti geçelgeleriň ýene-de bäşisi ýakyn wagtda paýtagtymyzyň gatnawly ýerlerinde bina ediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň awtomobil ýollaryna we ýol-ulag düzüminiň desgalaryna bildirýän ýokary talaplaryny nazara almak bilen, şäher ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça “Nata Inşaat Turism Ticaret ve Sanayi A.Ş.” türk kompaniýasy bilen baglaşylan iri şertnamanyň esasy bölegi ýerine ýetirildi. Şäher ýollarynyň 56 kilometriniň durky doly täzelenip, olarda inženerçilik ulgamlary täzeden çekildi, ýoluň gatnaw bölegi we ýanýodalar giňeldildi, ýoluň örtügi täzelenip, elektrik yşyklandyryjylaryň bezegli sütünleri oturdyldy.
Esasy köçeleriň ugrunda eýýäm ýerasty geçelgeleriň 32-si we ýerüsti geçelgeleriň 15-si guruldy. Olar hili boýunça, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlyk şertleri boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär.
Bekrewedäki gülçülik hojalygy
Iri gülçülik—ýyladyş hojalygy Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň Bekrewe ýaşaýyş toplumynda guruldy. Bu ýerde her ýyl dürli bezeg ösümlikleriniň onlarça müň düýbi, paýtagtymyzyň seýilgählerini, seýilbaglaryny, esplanadalaryny we şäher ýollaryny bagy-bossanlyga büremek üçin niýetlenen möwsümleýin gülleriň şitilleri ösdürilip ýetişdirerler.
Arçabil etrap häkimligi, şeýle hem Jemagat hojalygy ministrligi täze önümçilik bölüminiň buýrujylary hökmünde çykyş edip, onuň çäginde ýyladyşhanalar guruldy. 50 gektardan gowrak meýdanda olaryň buýurmasy boýunça Jemagat hojalygy ministrliginiň UPTK potratçysynyň hem-de onuň kömekçi edarasy—“Altyn Rysgal” hususy kärhanasy tarapyndan her biriniň meýdany 10 müň inedördül metre deň bolan şitilhanalaryň ikisi guruldy, ösümlikleri açyk ýere ekmek üçin meýdançalar taýýarlanyldy.
Täze tehnologiýalary ulanmak bilen gurlan ýyladyş hojalygynyň ýene-de biri Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynyň çäginde açyldy.
Ýylylygy gowy görýän gülleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhanalar polikarbonatdan—dury mäkäm plastikden listler bilen örtülen metaldan guruldy. Ol aýna görnüşlerinden on esse berk bolýar hem-de olardan ýylylygy saklamagyň ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýar.
Täze gülçülik hojalygy ýörite enjamlar, splinker we damjalaýyn suwaryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Munuň özi ýylyň dowamynda şitilhanalarda durnukly temperaturany hem-de çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Jaýlaryň içinde howanyň yzygiderli aýlanmagy üçin ýelejiredijileriň 20-si oturdyldy.
Gyş paslynda şitilhanalar gaz peçleri bilen ýyladylar. Olaryň içini goşmaça şemallatmak üçin tomus paslynda ýyladyşhananyň üçegi ýörite reduktoryň kömegi bilen awtomatik usulda açylar. Atyzlaryň üstünde emeli usul bilen bug dörediji ulgam enjamlaşdyryldy.
Ýyladyşhanalaryň ýanynda suwaryş suwy üçin howuzlar, kuwwatly suw sorujy, umumy göwrümi 1600 kub metre barabar bolan göwrümleriň ikisi, kömekçi bölümleriň ikisi guruldy. Toplumyň çäginde dolandyryş jaýy bina edildi.
Agaç we gül nahallaryny açyk we ýapyk toprakda ösdürip ýetişdirmekde häzirki zaman tehnologiýalaryň peýdalanylmagy olary öndürmegiň netijeliligini has artdyrar, ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan köpýyllyk we birýylyk gül nahallaryny möwsümleýin ösdürip ýetişdirmek üçin şertleri döreder.
Çoganlydaky kottej ýaşaýyş toplumy
Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Çoganlyda iri kottejler toplumy kemala geldi. Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda gurluşyk kompaniýalary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan kottej görnüşli iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 332-si bina edilýär.
70 gektar meýdanda häzirki zaman talaplara laýyk gelýän binalar peýda boldy. Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan täze jaýlaryň ýokary amatlylygy bu ýerde ekologiýanyň ýokary derejesi, binalaryň özbaşdaklygy we mäkämligi bilen utgaşýar. Binalary gurmakda we timarlamakda gurluşykçylar ýerli gurluşyk serişdeleri we belli daşary ýurt kompaniýalarynyň önümlerini ulandylar.
Çoganlydaky ýokary amatlykly jaýlaryň gurluşygy býujet serişdeleriniň çekmezden hususy telekeçiler we hojalyk jemgyýetleri tarapyndan alnyp barylýar. Olar täze jaýlaryň iri buýrujylary we paýly gatnaşyjylar hökmünde çykyş edýär. Telekeçileriň guran kottejleriniň üçegi metal çerepisalar bilen örtülip, monolit diwarlar gurşap alýar. Olaryň timarlaýyş işleri çyga durnukly we ýylylyk saklaýjy fibrsement bilen ýerine ýetirildi.
Şeýle görnüşdäki jaýlar özbaşdak ýyladyş bug gazanlary bilen üpjün edilip, olar gyzgyn suwy jaýy diňe ýylatmak üçin däl-de, eýsem, durmuş hajatlary üçin hem akdyrýar. Jaýlar otaglary salkynlatmak üçin WRV ulgam, zerur bolan gaz we elektrik abzallary hem-de beýleki durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy, IPI ulgam arkaly telewedeniýe, internet we telefon ulgamlaryna birikdirildi.
Täze kottejler toplumynyň çäginde umumy meýdany 315 we 305 inedördül metr bolan jaýlar, şeýle hem iki maşgala üçin niýetlenen iki gatly jaýlar guruldy. Olarda her maşgala 289 inedördül metr meýdan düşýär. Bu ýaşaýyş jaýlary diňe umumy meýdany bilen däl-de, eýsem, otaglarynyň ýerleşişi bilen hem tapawutlanýar. Umumy meýdany 315 inedördül metr bolan kottejleriň birinji gatynda uly zal, myhman otagy, iki koridor, ýaşaýyş otagy, aşhana, goş-golam üçin otag we santehniki otag ýerleşdirildi. Ikinji gatda uly zal, dört sany ýatakhana, tomusky eýwan we santehniki otag göz öňünde tutuldy. Meýdany kiçi jaýlaryň ikinji gatynda ýatylýan otaglaryň üçüsi guruldy. Her jaýyň öňünde meýdany 0,6 gektara deň bolan mellek ýeri bolup, ol ekin ekmek üçin ýerlere bölünipdir we şahsy awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.
Kotej görnüşli jaýlaryň paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşygy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şäherlerinde we ilatly ýerlerinde başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň esasyny düzýär. Ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly jaýlar bilen bir hatarda, Aşgabatda bir hem-de iki gatly kotejlerden ybarat ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar. Diňe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň agzalarynyň gurluşyk şereketleriniň gatnaşmagynda şäheriň günorta-günbatar böleginde 15-nji tapgyryň çäklerinde, şeýle hem şäheriň demirgazyk böleginde—Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli jaýlaryň 500-den gowragy bina edilýär. Demirbeton diwarly kottej görnüşli jaýlaryň ýene-de 200-den gowragy Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşyk edaralary tarapyndan Çoganly ýaşaýyş toplumynda bina ediler.
Köp gatly, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan we ýokary amatlykly jaýlar bilen bir hatarda, kottej görnüşli jaýlary gurmak barada ýaşaýyş jaý maksatnamasynyň şunuň ýyly çözgüdi häzirki zaman talaplaryna, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýyny seçip almakda raýatlarymyzyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam eder.
Ýurdumyzyň ilatyna berilýän karzlar şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary üçin ýokary amatlykly jaýlary satyn almaga mümkinçilik berýär. Ýaşaýyş jaý gurluşygynyň geriminiň giňelmegi netijesinde aşgabatly maşgalalaryň ýüzlerçesi her ýyl paýtagtymyzda gurulýan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn alýarlar.