01.12.2025
DÜNÝÄ

Gürjüstan: Iwanişwili premýer-ministr wezipesine bellenildi.

Çarşenbe güni Gürjüstanyň prezidenti Mihaýil Saakaşwili özüniň syýasy garşydaşy Bidzina Iwanişwilini ýurduň premýer-ministri wezipesine belledi.

 

56 ýaşly milliarder Iwanişwiliniň ýolbaşçylygyndaky “Gürji arzuwy” kaolisiýasy oktýabrda geçirilen saýlawlarda ýuduň başynda esli wagt bolan “Birleşen Milli Hereketi” partiýasyndan üstün çykypdy.

 

Saakaşwiliniň metbugat wekiliniň žurnalistlere beren maglumatyna görä, Iwanişwili on günüň içinde täze hökümeti düzmeli bolar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministriniň we Irlandiýanyň Daşary Işler Ministriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Yök Başkanı Saraç Türkmenistan Büyükelçisi İle Görüştü

turkmenhabargullugy

Älem Aýlanýan Ak Guş

turkmenhabargullugy