22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Rumyniýaynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

Rumyn paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku bilen gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn türkmen Lideri Ýewropadaky bu ýurda resmi sapar bilen geldi.

Düýn, Buhareste gelenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Willa Lak 2” kabulhanasynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Rumyniýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata gatnaşyjylar anyk pudaklaryň birnäçesi boýunça rumyniýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak babatda öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň ikinji mejlisiniň işiniň netijeleri barada hasabat berdiler. Toparyň bu mejlisi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýa şu gezekki resmi saparyna gabatlanylyp geçirildi.

Şu günüň birinji ýarymynda türkmen döwletiniň Baştutany “Willa Lak 2” kabulhanasyndan Prezidentiň “Kotroçen” Köşgüne geldi. Bu ýerde, Köşgüň meýdançasyna çykýan esasy girelgäniň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku mähirli we göwnaçyk ýagdaýda garşylady.

Iki ýurduň Liderleri mähirli görüşýärler, soňra Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Döwlet baýdaklaryny belende göterýän flagştoglaryň goýlan meýdançasynda belent mertebeli myhmany resmi ýagdaýda garşylamak dabarasy bolup geçdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Traýan Besesku ýörite goýlan münbere çykýarlar. Köşk meýdançasynda nyzama düzülen hormat garawulynyň başlygy dabaraly ýagdaýda raport berýär. Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Döwlet Senalary ýaňlanýar. Köşgüň meýdançasynda hatara düzülen hormat garawulynyň başlygy dabaraly ýagdaýda raport berýär. Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Liderleri esgerleriň nyzamyny synlaýarlar. Prezident Traýan Besesku türkmen Liderini Rumyniýanyň hökümet delegasiýasynyň agzalary bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rumyniýaly kärdeşini Türkmenistanyň hökümet delegasiýasynyň agzalary bilen tanyşdyrýar. Iki ýurduň Liderleriniň öňünden hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýagdaýda nyzam bilen ýöräp geçýärler.

Bu dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Baştutany Rumyniýanyň Lideri bilen bilelikde “Kotroçen” Köşgüne barýar. Däp boýunça iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda surata düşülenden soňra, Prezident Traýan Besesku belent mertebeli myhmany Mawy zala çagyrýar, bu ýerde ikiçäk formatda ýokary derejedäki türkmen-rumyn gepleşikleri geçirildi.

Rumyniýanyň Baştutany türkmen Liderini tüýs ýürekden ýene-de bir gezek mübärekläp, öz ýurdunda bu sapara uly ähmiýet berilýändigini hem-de oňa däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny belledi. Prezident Traýan Besesku Türkmenistanyň Baştutanyny ýene-de bir gezek Buherstde garşylaýandygyna tüýs ýürekden begenýändigini belläp, Rumyniýanyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin we özara peýdaly esasda doly möçberli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda taraplaryň hoşmeýilliligi netijesinde has-da işjeňleşdirilen türkmen-rumyn gepleşiginiň yzygiderli häsiýete eýe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çaltlandyrmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen Lideri Türkmenistanyň Rumyniýa ygtybarly we geljegi uly hyzatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Özara düşünişmek we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ozal baglaşylan ylalaşyklary hem-de ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin niýetlenen meýilanamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň uly toplumy boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Traýan Besesku hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňlaşdyryp, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde netijelei hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we ösdürmägi maksat edinýändigini belledi.

Şeýle hem iki döwletiň Baştutanlary halkara we sebit derejesindäki hem-de özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz rumyniýaly kärdeşini resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu teklip minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler Ilçiler zalynda giňişleýin düzümde-iki ýurduň hökümet delegasiýalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku belent mertebeli myhmany we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, Rumyniýa resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Rumyniýanyň Lideri özüniň 2009-njy ýylda Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, şu günki gepleşikler iki ýurduň ähli esasy ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar diýip nygtady.

Döwletara hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny belläp, rumyn Lideri Rumyniýanyň iki taraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda Prezident Traýan Besesku Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna ýokary baha berdi we türkmen Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren we ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny mälim etdi.

Rumyniýanyň baştutany energetika howpsuzlygy meselesi barada durup geçip, türkmen döwletiniň öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagy diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgesini işläp taýýarlamagyny we yzygiderli durmuşa geçirmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda jenap Traýan Besesku Türkmenistan häzir gazy ygtybarly eksport edýän ýurt bolup durýar we dünýäniň energetika giňişliginde möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Ol bu ulgamda Ýewropa Bileleşigi bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip nygtady. Ýewropa Bileleşigii hem tebigy gazyň islendik ugurda durnukly iberilmegini üpjün edýän köpugurly we howpsuz ulag infrastrukturasynyň döredilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan-Hytaý, Türkmenistan-Eýran ýaly kuwwatly transmilli gaz geçirijileriniň işe girizilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler, türkmen döwletiniň energetika syýasatynda Ýewropa ugruny ösdürmäge taýýardygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu jähetden tutuş Ýewropa Bileleşigi ýaly, Rumyniýa hem Türkmenistan bilen gatnaşyklara hyzmatdaşlygyň möhüm we bähbitli ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Rumyniýanyň Prezidenti bular barada aýdyp, Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamalaryny duruşa geçirmek üçin taraplaryň syýasy erk-isleginiň gerekdigi babatdaky garaýşyny goldaýandygyny mälim etdi. Munuň özi degişli ylalaşykda berkidilmelidir diýip, Rumyniýanyň lideri belledi.

Jenap Traýan Besesku Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak meselesi boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ornuny goldaýandygyny beýan edip, nebitgaz ulgamynda rumyn-türkmen hyzmatdaşlygy meselesini dowam etdirmek bilen, öz ýurdunyň işewürleriniň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge, uglewodorod çig mal ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Ýokarda aýdylanlar bilen birlikde Rumyniýanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, elektroenergetika, senagat, maglumatlar tehnologiýalary, gurluşyk, ulag, oba hojalygy we beýleki pudaklarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ulgamlar hem täze ösüşe eýe bolup, anyk netijeleri berýär. Jenap Traýan Besesku häzirki wagtda Rumyniýada türkmenistanly ýaşlaryň 60-a golaýynyň ýokary bilim alýandygyny aýdyp, öz ýurdunyň türkmen talyplary üçin okuw orunlaryny artdyrmaga taýýardygyny belledi.

Rumyniýanyň lideri şeýle hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine – ekstremizme, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge ýardam etmek maksadynda öz ýurdunyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini tassyklady.

Rumyniýanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna we işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirip, ähli türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň delegasiýasynyň adyndan rumyniýaly kärdeşine Rumyniýa gelip görmäge mümkinçilik döredilendigi, myhmansöýerlik hem-de bilelikde netijeli işlemäge örän oňaýly şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ikiçäk geçirilen gepleşikleriň jikme-jik we konsruktiw häsiýete eýe bolandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany: “Biziň ýokary derejedäki şu duşuşygymyz hasap boýunça üçünji duşuşykdyr, biz soňky döwürde dürli derejelerde we ilkinji nobatda, iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda işjeňleşdirilen türkmen-rumyn gepleşigi hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilýädigini tassyklaýan subutnama hem-de Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda birek-birege düşünişmegiň ýokary derejä eýe bolmagynyň görkezijisine öwrüldi” diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideri Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly ähmiýet bermek bilen, Rumyniýany Ýewropa barýan ýoluň “derwezesi” hasaplaýar, şu gezekki sapara bolsa tutuş Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde garaýar diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasatdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň Rumyniýanyň Prezidenti bilen duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri bolandygyny hem-de şu ugurda biziň ýurtlarymyzyň däp bolşy ýaly, birek-birege düşünişýändigini belledi. Türkmen Liedri sözüni dowam edip: “Biz häzirki döwürde halkara durmuşyna degişli esasy meseleler boýunça umumy ýörelgeleri we çemeleşmeleri oňlaýarys. Munuň özi ilkinji nobatda, dünýäde, Merkezi Aziýada we Günorta Ýewropada durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna degişlidir” diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti gepleşiklerde iki döwletiň ikitaraplaýyn derejede, BMG, ÝB, ÝHHG ýaly iri halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýynlygynyň tassyklanandygyny belledi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bitarap ýurtdur we özüniň ähli daşary syýasat hereketlerine hut şu nukdaý nazardan garaýar we “açyk gapylar” ýörelgesinden hem-de halkara giňişliginde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlykdan ugur alýar diýip, aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Baştutanynyň kanagatlanmak bilen belleýşi ýaly, Prezident Traýan Besesku bilen duşuşyk taraplaryň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine çemeleşmeginiň ýakyndygyny tassyklady. Taraplaryň pikirine görä, häzirki döwürdäki ýagdaýlar ählumumy howpsuzlygy- harby-syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli möhüm meseleleriň ençemesiniň çözülmegine täzeçe we toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny talap edýär diýip, türkmen Lideri aýtdy. Şunda dünýä bileleşiginiň agzybir erki möhüm ähmiýetli täsirini ýetirmelidir, munuň özi BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň degişli çözgütlerinde öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Baştutany taraplaryň halkara düzümleriniň formatyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, dünýäniň geosyýasy we geoykdysady arhzitekturasynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen netijeli teklipleri we başlangyçlary goldamak babatda ylalaşandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow global energetiki howpsuzldygy üpjün etmegiň halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ulgamynyň durnuklylygynyň we berkliginiň degişli möhüm bölegi bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň bu maksada ýetmek ugrundaky garaýyşlarynyň esasan meňzeşdigini hem-de jogapkärli we anyk çemeleşmä, dünýäniň energetiki giňişliginde bähbitleriň köptaraplaýyn balansyny saklamagyň zerurlygyna esaslanýandygyny nygtady. Türkmen Lideri: “Şunuň bilen baglylykda biz Rumyniýa energiýa serişdeleriniň akymlarynyň geljekki konfigurasiýasyna garaýyşymyzy, Ýewraziýa giňişliginde giň halkara hyzmatdaşlygyna degişli filosofiýamyzy esasan, goldaýan esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde garaýarys” diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Traýan Besesku bilen şu günki gepleşikleriň taraplaryň energiýa serişdelerini ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň önümi iberijiniň, üstaşyr geçirijiniň we sarp edijiniň arasyndaky gatnaşyklarda deňhukuklylyk, energiýa serişdeleriniň akymlaryny diwersifikasiýa etmek, nyrh boýunça adalatly ölçegler, energiýa serişdeleriniň ulgamlarynyň goraglylygynyň toplumlaýyn kepillendirilmegini üpjün etmegiň zerurlygy ýaly esasy ölçeglerine ygrarly bolup durýandygyny tassyklandygyny belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany taraplaryň şu ugurda özara arkalaşykly hereket edilmegini dowam etdirmek barada ylalaşandygyny nygtady.

Iki ýurtda hem hyzmatdaşlykda halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun daşalmagyna garşy netijeli hereket etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Rumyniýanyň diňe döwletleriň bilelikdäki tagallalary, halkara bileleşigi bilen ysnyşykly hereket etmegi arkaly, häzirki döwürdäki bu howplara we wehimlere garşy üstünlikli göreşip bolar diýen pikire eýerýändigini belledi.

Umuman alanyňda, şu gepleşikler türkmen-rumyn gepleşiginiň üstünlikli ösdürilýändigini görkezdi. Türkmen Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň gol çekmek üçin taýýarlanmagy munuň aýdyň netijesi bolup durýandygyny belläp, gepleşikleriň netijelerini we gazanylan ylalaşyklary döwletara gepleşiginiň hil taýdan täze ugurlaryny kesgitlejekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam edip, Türkmenistanda we Rumyniýada söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň az däldigini belläp, statistikanyň haryt dolanyşygynyň dinamikasynyň özara mümkinçilige entegem doly laýyk gelmeýändigini görkezýändigini belledi. Şeýlelikde, türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ölçeglerini anyk ara alyp maslahatlaşmagyň, has oňaýly ugurlary we taslamalary belläp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň wagty geldi .

Milletiň Lideri Rumyniýanyň energetika, maşyngurluşyk, gurluşyk materiallaryny öndürmek , dokma we azyk senagaty ýaly pudaklarda baý tejribe toplandygyny aýdyp, Türkmenistanyň ykdysadyýetiň bu pudaklarynda özara arkalaşykly hereket edilmegine gyzyklanma bildirýändigini hem-de bilelikdäki maýa goýumly taslamalary, hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerini amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, Ykdysady, ylmy – tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparyny hem-de Energetika degişli meseleler boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmen Lideri Rumyniýanyň Prezidenti bilen ozalky duşuşyklarynyň barşynda ýangyç-energetika ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçilikleriniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen energetika boýunça hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen baglylykda, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bu ugrunyň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady.

Türkmenistan ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, olary ählumumy abadançylygyň hatyrasyna durmuşa geçirmäge çalyşýar we özüniň energetika strategiýasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropa bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgesine ygrarly bolup galýar hem-de deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyr. Şunda biziň ýurdumyz Rumyniýa özüniň ygtybarly, döwrüň synagyndan geçen hyzmatdaş hökmünde garaýar. Türkmen döwletiniň Baştutany bular barada aýdyp, ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde Rumyniýanyň “Rompetrol” we “Arkom” kompaniýalarynyň işini görkezdi.Olar Türkmenistanyň energetika pudagynda üstünlikli işlediler. Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan Rumyniýadan uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen ýokary hilli enjamlary satyn aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Rumyniýanyň onýyllyklaryň dowamynda toplanan bu oňyn tejribä daýanmak arkaly, energetika pudagynda bilelikdäki işini netijeli ösdürip biljekdigine ynam bildirdi.

Ulag-kommunikasiýa ulgamynda-da hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikler döreýär, munuň özi iki ýurduň geografiki taýdan ýerleşişiniň hem-de olara Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky ulag geçelgelerini ösdürmekde möhüm ähmiýetli orny eýelemäge mümkinçilik berýän aýratynlyklary bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyz Rumniýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaş hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli düzümi hökmünde garap, Rumyniýanyň kompaniýalarynyň ulag-kommunikasiýa boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmagyny oňlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmagyna gönükdirilip bilinjekdigini aýdyp, Konstansa şäheriniň “Deňiz portlarynyň administrasiýasy” Milli kompaniýanyň ýolbaşçylaryny türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirmek üçin gelip görmäge çagyrdy.

Syýahatçylyk ulgamy we degişli döwrebap infrastrukturany döretmek türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup biler. Rumyniýanyň kompaniýalary we hünärmenleri Türkmenistanda syýahatçylyk biznesiniň ösdürilmägine, hususan-da, Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň özleşdirilmegine gatnaşmagynyň peýdaly bolup biljekdigini belläp, Rumyniýanyň meşhur “Sinaýa” şypahana zolagynyň we “Awazanyň” arasynda gös-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip, gumanitar we medeni gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi hem-de taraplaryň şu ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degerli ýardam bermek barada ylalaşandygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada aýtmak bilen, 2011-2012-nji ýyllarda Aşgabatda we Baharestde iki döwletiň Medeniýet günlerini guramagyň we geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geççirmek boýunça Türkmenistanyň we Rumyniýanyň okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri möhüm ähmiýete eýedir. Degişli Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen talyplary her ýylda Rumyniýa okuwa iberilýär. Döwlet Baştutany taraplaryň bu hyzmatdaşlygy ösdürmegi, Türkmenistanyň raýatlaryna Rumyniýanyň bilim we ylym merkezlerinde tälim bermek boýunça döreýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy maksat edinýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gepleşiklerde döwletara gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň möhümdigini belläp, gazanylan ylalaşyklaryň turkmen-rumyn gepleşiginiň ýokary derejä eýe bolup durýandygyny, iki döwletiň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýyardygyny aýtdy.

Türkmen Lideri: “Biz ähli meseleler boýunça diýen ýaly birek-birege düşünişýäris, iki ýurduň häzirki gatnaşyklary bolsa dostlukly, deňhukukly we hormat goýulýan gatnaşyklara öwrüldi. Bu ýagdaýyň biziň halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigine, iki döwletiň ösüşine we rowaçlygyna ýardam berýändigine ynanýaryn” diýip belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutany Rumyniýanyň ýolbaşçylygyna we Prezident Traýan Beseskunyň adyna iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýandygyny üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, rumyn halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Ilçiler zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň ikinji mejlisiniň Teswirnamasyna; Türkmenbaşy portunyň dolandyryş edarasynyň we “Deňiz portlaryny dolandyrmak” Milli kompaniýanyň /Kostansa, Rumyniýa/ arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama; 2011-2012-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hereket etmegiň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Rumyniýanyň Bilim, ylmy barlaglar, ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň we Rumyniýanyň Prezidentiniň arasyndaky duşuşyk hakynda metbugat üçin Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýa resmi saparynyň örän netijeliligine şaýatlyk edýän resminamalaryň üsti şu gün Buharestde gol çekilen we gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmäge degişli resminamalaryň birnäçesi bilen ýetrilendigini bellemän geçmek bolmaz. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Rumyniýanyň Akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnama; Türkmen politehniki institutynyň we Ploýeşt şäheriniň Nebit we gaz uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyk; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Babeş-Bolai uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň we Babeş-Bolai uniwersitetiniň Türkologiýa we Merkezi Aziýanyň öwrenmek institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

Soňra “Kotroçen” Köşgüniň foýesinde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prezidentleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Rumyniýanyň Prezidenti şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdi. Şol gepleşikleriň barşynda Rumyniýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak babatda jikme-jik pikir alşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň meseleleriniň birnäçesine garaldy. Prezident Traýan Besesku halkara durmuşynyň derwaýys meseleleriniň köpüsi boýunça Rumyniýanyň we Türkmenistanyň özara düşünişýändiklerini, esasy meseleleri çözmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamynda ysnyşykly gatnaşyklaryň mümkinçilikleri babatda ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň meňzeşdigini nygtady.

Biz ýola goýlan dostlukly rumyn-türkmen gatnaşyklaryna täze itergi bermek isleýäris diýip, jenap Traýan Besesku aýtdy we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde açyklygy we ygtybarlylygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Prezident Traýan Besesku özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi bilen häsietlendirilýän rumyn-türkmen hyzmtadaşlygynyň uly geljeginiň we mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, şu gün gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna, söwda-ykdysady, gumanitar-medeni we beýleki ulgamlarda uly mümkinçiliklerden peýdalanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Rumyniýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň mümkiçnilikleri baradaky gürrüňi dowam etdirip, jenap Traýan Besesku iki tarapyň hem ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny belledi. Ýangyç-energetika ulgamy, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, şeýle hem dokma senagaty, oba hojalygy we syýahatçylyk özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Prezident Traýan Besesku şeýle hem ylym we ýokary tehnologiýalar, hunärmenleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň netijeliligini belledi.

Jenap Traýan Besesku ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly derwaýys wezipäni çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuna oňyn baha berip, türkmen döwletiniň tebigy gazy ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny mälim etdi. Rumyniýanyň Prezidenti Ýewropanyň dunýä bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, türkmen gazynyň öz ýurduna ugradylmagyna gyzyklanma bildirýändigini, şeýle hem Türkmenistanyň gaz senagatyny ösdürmek üçin öz tehnologiýalaryny teklip etmäge taýýardygyny belledi. Rumyniýanyň lideri Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagyň mümkinçilikleri barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň Ýewropa ygtybarly we howpsuz iberilmegini üpjün etmek üçin onuň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, geçirilen gepleşikleri konstruktiw we netijeli diýip häsiýetlendirdi hem-de türkmen delegasiýasynyň Rumyniýa şu saparynyň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň logiki dowamyna öwrülendigini belledi. Türkmen Lideri ýokary derejejedäki duşuşygyň gün tertibi boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň geljekki mümkinçiliklerine, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä derejesindäki syýasata degişli meselelere garalandygyny aýtdy.

Şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň halkara durmuşynyň möhüm meseleleri, aýratyn-da parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, yzygiderli ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary jebisleşdirmek babatdaky garaýyşlarynyň biri-birine laýyk gelýändigini ýa-da meňzeş bolup durýandygynyň nygtalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideri Bitarap Türkmenistanyň Rumyniýany aýratyn-da, döwletiň daşary syýasatynyň Ýewropa gönükdirilen ugry we ÝB bilen sazlaşykly ösdürilýän gepleşik bilen baglylykda, dünýä derejesinde ygtybarly we möhüm ähmiýet berilýän hyzmatdaşlarynyň biri diýip hasaplaýandygyny belledi.

Munuň özi möhüm ähmiýetli hem-de iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG, ÝHHG we beýleki guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýän ýagdaý hasaplanýar. Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn bitaraplyk, “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirip, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini gözlemäge işjeň gatnaşýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy boýunça köptaraplaýyn mehanizmleriň we halkara-hukuk binýadynyň döredilmegine, transkontinental kommunikasiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy üçin Rumyniýanyň ýolbaşçylygynyň we ilkinji nobatda, Prezident Traýan Beseskunyň adyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk sözlerini aýtdy hem-de bu ýagdaýyň türkmen-rumyn gatnaşyklaryna mahsus bolan ýokary derejedäki ynamyň we açyklygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Türkmen Lideri döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça diýen ýaly, giň mümkinçiliklere we ep-eli potensiala eýedigini belläp, taraplaryň geljekde söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki ädimleri ätmägi, ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, gurluşyk, ulag we kommunimkasiýalar, dokma senagaty, oba hojalygy boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilelikdäki hökümetara toparynyň şu meseleleriň ählisine üns berýändigini aýdyp, taraplaryň geljekde-de bilelikdäki başlangyçlaryň işjeňleşdirilmegi üçin zerur şertleri döretmek we olara güýçli itergi bermek işinde möhüm ähmiýetli mehanizm diýlip hasaplanýan bu toparyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barada ylalaşandygyny belledi.

Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutany ýangyç-energetika ulgamynda, has takygy, gaz ulgamynda özara gatnaşyklar meselesi barada durup geçip, Türkmenistan bu babada energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýany amala aşyrmak bilen, “mawy ýangyjy” dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermegiň örän wajyp meselesi hökmünde köp ugurly turbageçiriji infrastrukturany döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip nygtady. Şu babatda biziň ýurdumyz Ýewropa ugruna geljegi uly ugur hökmünde garaýar we Ýewropa Bileleşiginden bolan hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara taýýardyr. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýan taraplaryň syýasy erk-islegi özara bähbitli energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi. Şol syýasy erk-isleg bolsa Ýewropa Bileleşiginiň, Türkmenistanyň we beýleki hyzmatdaşlaryň arasyndaky ylalaşyk görnüşinde bolmalydyr. Munuň özi anyk ädimleri ätmek, şol sanda netijeli gatnaşyklary durmuşa geçirmek babatda degişli konsorsiumy döretmek boýunça çäreleri görmek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, türkmen Lideri belledi.

Milletiň Lideri hyzmatdaşlygyň, hususan-da, halkara syýahatçylygy ýaly täze ugurlaryny ýola goýmak boýunça bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň Hazaryň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan oňaýly taslamany durmuşa geçirmekde Rumyniýanyň tejribesinden we maýa goýumlary bilen bagly mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rumyn medeni gatnaşyklar hem-de bilim we ylym boýunça netijeli gatnaşyklaryň tejribesi barada aýdylanda, biziň ýurtlarymyz mundan beýläk-de şol hyzmatdaşlygy ösdürerler diýip belledi.

Türkmenistanyň Baştutany öz çykyşynyň ahyrynda dostlukly rumyn halkyna parahatçylyk, rowaçlyk we döredijilikli zähmetinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Kotroçen” Köşgünde Buherstiň taryhy böleginde, gadymy Karl Birinjiniň Seýilgähiniň (Parkul-Karolyň) ortasynda dikeldilen Näbelli Esgeriň ýadygärligine tarap ugrady. Bu ýurde, ýadygärligiň ýanynda hormat garawuly nyzama düzüldi. Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda bu ýadygärlige ajaýyp gül dessesini goýdy, bu ýerde Baky ot alawlaýar.

Bu dabara tamamlanandan soňra döwlet Baştutany Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen Lideri Rumyniýanyň Hökümetiniň Öýüne tarap ugrady, onuň merkezi girelgesiniň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň Premýer-ministri Emil Bok mähirli garşylady. Däp boýunça Döwlet baýdaklarynyň ýanynda surata düşülenden soňra Rumyn hökümetiniň Baştutany belent mertebeli myhmany duşuşygyň geçiriljek ýerine çagyrdy.

Duşuşygyň barşynda häzirki taryhy tapgyrda däbe öwrülen syýasy gepleşigi pugtalandyrmak hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde ileri tutulýan wezipeler bilen baglylykda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy.

Emil Bok hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary derejedäki türkmen-rumyn gepleşikleriniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, Rumyniýanyň geljegine örän uly umyt baglanýan işjeň hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ugur edinýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we Rumyn hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we diwersifikasiýa etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de taraplaryň ozal baglaşan ylalaşyklaryny tiz amala aşyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Emil Bok iki ýurduň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, tutuşlygyna alanyňda, söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegilidigini hem-de dürli pudaklarda özara bähbitli tagallalary birikdirmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini bellediler. Gumanitar ugur, hususan-da, ylym we bilim, Türkmenistan üçin Rumyniýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde hemmetaraplaýyn taýýarlykly hünärmenleri taýynlamak boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi-de möhümdir.

Şunda döwletara hyzmatdaşlygyny çaltlandyrmagyň we oňyn täze we möhüm görnüşlerini işläp taýýarlamagyň netijeli guraly hökmünde Bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň işiniň wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem Rumyniýanyň Premýer – ministri iri rumyn we umuman, ýewropa biznesiniň Türkmenistan bilen ysnyşykly işewürçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga çalyşýandygyny hem-de munuň Türkmenistanda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýlaryň döredilmegi we onuň örän uly ykdysady kuwwaty bilen şertlendirilendigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Emil Bok geljekde-de türkmen – rumyn gepleşiginiň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn formatda, hususan-da Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Türkmen Lideri we rumyn hökümetiniň baştutany hoşlaşmak bilen, iki ýurduň dostlukly halklarynyň adyna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Parlamentiniň Köşgüne tarap ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhmany Senatyň Başlygy jenap Mirça Joane tüýs ýürekden mähirli garşylady.

Jenap Mirça Joane türkmen döwletiniň Baştutany bilen tanşandygyna tüýs ýürekden begenýändigini, türkmen Lideriniň baştutanlygynda şu ýyl özüniň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgretmeleriň ýolunda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Senatyň Başlygy Rumyniýanyň konstruktiw syýasaty ýöretmek arkaly halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolan türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunda jenap Mirça Joane Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýa şu saparynyň dostluga mahsus däp-dessurlara hem-de deňligiň we özara bähbitliligiň ýörelgelerine laýyklykda guralýan döwletara gepleşiginiň ösdürilmegine täzeden güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Buharestde geçirilen nobatdaky ýokary derejedäki gepleşikleriň ýokary netijeliligini belläp, olaryň häzirki tapgyrda türkmen –rumyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesmgitlemäge hem-de geljegi göz öňünde tutup netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berendigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda Senatyň Başlygy türkmen Liderini Rumyniýanyň Parlamentiniň gurluşy hem-de onuň esasy maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Rumyniýanyň Parlamenti Senatdan we Deputatlaryň palatasyndan ybarat bolup, wekilçilikli hem-de ýurduň kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan edara bolup durýar. Senatyň hataryna senatorlaryň 137-si saýlanýar. Parlamentiň deputatlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti 4 ýyldyr. Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşini Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna goňşy döwletler, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň biziň ýurdumyzy, Eýrany, Özbegistany, Omany we Katary baglanyşdyrjak halkara üstaşyr – ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyjyny hem-de ýakynda Aşgabatda gol çekilen degişli bäştaraplaýyn Ylalaşygy görkezdi. Ýewropa ugrunda hem ulag – aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler açylýar. Mysal üçin, şu gün ýokary derejedäki türkmen-rumyn gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen Türkmenbaşy portunyň dolandyryş edarasynyň we Kostans şäheriniň “Deňiz portlarynyň dolandyryş edarasy” Milli kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama bu ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Jenap Mirça Joane Rumyniýanyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, ýokary derejede gazanylan şu resminama we beýleki ylalaşyklar türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmäge, biziň halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna hyzmat eder diýip belledi. Senatyň baştutanynyň aýratyn nygtaýşy ýaly, Rumyniýanyň Parlamenti parahatçylykly ösüşiň täze ählumumy arhitekturasyny döretmekde esasy ornuň hut Türkmenistana degişlidigi baradaky pikiri biragyzdan goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senatyň ýolbaşçysyny türkmen parlamentiniň – Mejlisiň işi bilen tanyşdyryp, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň we ýaşaýşynyň derejesiniň ýokarlandyrmagyna gönükdirilip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelerden ybarat bolan maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmek milli parlamentiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi. Mejlisiň deputatlary öz borçlaryna laýyklykda, döwletiň ileri tutýan ugurlaryny we dünýäde hukuk ulgamy boýunça toplanan öňdebaryjy tejribäni göz öňünde tutup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrundaky işi amala aşyrýarlar.

Türkmen döwletiniň Baştutany döwletara gepleşigini yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde iki ýurduň parlamentarilerine möhüm ähmiýetli ornuň degişli bolup durýandygyny belläp, “Türkmenistan-Rumyniýa” parlamentara dostluk topary tarapyndan göwnejaý işleriň durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Senatyň Başlygy jenap Mirça Joane türkmen Lideriniň turkmen-rumyn gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşana hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýadygärlik şaýlygy gowşurdy hem-de ýokary döwlet wezipesindäki köp ugurly işinde täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Şu waka barada ýadygärlik hökmünde türkmen Lideri Senatyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýazgy galdyrdy.

Şu ýerde, Rumyniýanyň Parlamentiniň Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Deputatlar palatasynyň Başlygy hanym Roberta Anastase bilen duşuşdy.

Deputatlar palatasynyň Baştutany belent mertebeli myhman bilen görşüp, dünýäde döredijilikli başlangyçlary, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak başlangyjyny öňe sürýän hem-de durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş gazanýan döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Baştutany bilen duşuşmaga mümkinçiligiň dörändigine tüýs ýürekden begenýändigini belledi. Hanym Roberta Anastase türkmen Liderini ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilendigi, şeýle hem ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýa şu saparynyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň oňyn häsiete eýedigini belledi. Häzir şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä eýe boldy, şu gün ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeliligi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edip, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar we bu ugurda anyk ädimleri ädýär, hususan-da, Owganystana elektrik energiýasyny hem-de suwuklandyrylan gazy ýeňillikli nyrhdan iberip, bu ýurduň durmuş-ykdysady infrastrukturasyny dikeltmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň pikirine görä, ol diňe bir owgan ykdysadyýetine däl, eýsem tutuş ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer. Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan energetika ulgamynda düzümleýin taslamany amala aşyrýar. Munuň özi Owganystanyň ilatynyň 70 göteriminiň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Deputatlar Palatasynyň ýolbaşçysy birek-birege kömek bermegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýokary nusgasyny görkezýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna ýokary baha berip, türkmen döwletiniň Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen ösmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady. Munuň şeýle bolmagyna ähli halkara bileleşigi hem gyzyklanýar.

Söhbetdeşligiň barşynda hanym Roberta Anastase belent mertebeli myhmany Rumyniýanyň kanun çykaryjylyk häkimiýetiniň bir şahasy bolup durýan we deputatlaryň 334-sinden ybarat bolan Deputatlar Palatasynyň işi bilen tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz söhbetdeşini Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan geçirilýän işiň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, täze taryhy eýýamda halkyň saýlan adamlarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigi göz öňünde tutulyp, milli parlamentiň funksiýalarynyň ep-esli giňeldilendigini we ondaky deputatlaryň sanynyň artdyrylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Rumyniýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň Başlygy Türkmenistanyň we Rumyniýanyň netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugra ygrarlydygyny tassyklap, döwletara gepleşigini yzygilderli ösdürmekde möhüm ähmiýetli ýagdaýa öwrülen parlamentara gatnaşyklarynyň pugatalandyrylmagyny oňladylar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we hanym Roberta Anastase türkmen-rumyn hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, syýahatçylyk ulgamyny onuň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti rumyniýaly çagalary Hazar deňziniň kenarynda – ajaýyp çagalar sagaldyş merkezleriniň gurlan ýeri bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hanym Roberta Anastase hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine hemişe aýratyn üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, belent mertebeli myhmana ýadygärlik şaýylygyny gowşurdy.

Hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň Prezidenti we Rumyniýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň Başlygy köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutany Deputatlar palatasynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýazgy galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Parlamentiň Köşgünden çykyp, öz kabulhanasyna dolanyp geldi.

Agşam ”Kotroçen” Köşgünde Rumyniýanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk nahar berdi, şonda iki döwletiň baştutanlary söz sözlediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýa resmi sapary dowam edýär. Ertir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rumyn işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna, şeýle hem saparyň medeni çärelerden ybarat maksatnamasynyň çäklerinde Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýine baryp görmegine garaşylýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Meksikanyň ilçisi işe başlady.

syrach

Yabancıların İkamet Başvurusunda Harç Ödemeleri Hakkında

turkmenhabargullugy

Iň Uly Üç Stadion

turkmenhabargullugy