20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

24-25-nji Fewralda Dubaý Şäherinde “TOPH Gaz Geçirijisi Parahatçylygyň we Hyzmatdaşlygyň Gaz Geçirijisidir” Atly Halkara Maslahaty Geçiriler

20-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow 24-25-nji fewralda Dubaý şäherinde (BAE) «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu çärelere türkmen wekiliýeti bilen birlikde, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň gün tertibine sebitde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde TOPH gaz geçirijisiniň orny, ýurdumyzda gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, nebit hem-de gaz ýataklarynyň önüm berijiligini artdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek we marketing bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Çeşme: https://ogt-turkmenistan.com/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Ähmiýetli Wakalarynyň Üstünde Durlup Geçildi

turkmenhabargullugy

Migrasiýa guramasy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolynda.

syrach

Türkmen Bedewiniň Milli Baýramynyň Hormatyna Geçirilýän Dabaralara Badalga Berildi

turkmenhabargullugy