15.9 C
Aşkabat
21.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabadyň Myhmanlary Üçin Gezelenç Ugurlary

Aşgabadyň Myhmanlary Üçin Gezelenç Ugurlary

Aşgabatda, Aziada-2017-niň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary boýunça synag geçirildi. Oňaýly syýahatçylyk awtobusynda gyzykly gezelenç daşary ýurtly myhmanlara paýtagtymyzyň owadan we belent binalaryny, özboluşly gözelliklerini synlamaga mümkinçilik berer.

Soňky ýyllarda düýpli özgeren şäheriň taryhy hem-de daşary ýurt dillerini bilmek nukdaýnazaryndan taýýarlanan ýolbeletlere daşary ýurtly türgenlere, syýahatçylara, şeýle hem oýunlary beýan etjek žürnalistlere gürrüň bermäge zat köp bolar.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz täze keşbe eýe boldy—durky täzelenen şäher kwartallary abadanlaşdyrylýar, ähli esasy ýollar döwrebaplapşdyryldy. Halkara ölçeglerine laýyklykda, 59,14 kilometr ýollar çekildi, köp derejeli ýol aýrytlary, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleri guruldy. Ulag ulgamynyň durkunyň täzelenmegi awtomobil gatnawlaryny kadalaşdyrmaga, köçelerde dyknyşyklyk ýaly meseleleri doly çözmäge mümkinçilik berdi.

Oýunlaryň öňüsyrasynda Aziada-2017-de ulanyljak awtoulaglary artdyrmak we kämilleşdirmek boýunça işlere giň gerim berildi. Ajaýyp sport baýramçylygynyň myhmanlaryna Aşgabatda dikuçarly gezelençler hem garaşýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygynyň Hormatyna Ýadygärlik Teňňeleri

syrach

“Altyn Asyr” Ikinji Orun Bilen Aratapawudy Baş Utuga Çenli Artdyrdy

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň “Täze Söwda we Üstaşyr Ýollarda Neşe Serişdeleriniň Bikanun Dolanşygynyň Öňüni Almak Maksady Bilen Merkezi Aziýada Sebitleýin Serhetüsti Hyzmatdaşlygy Güýçlendirmek” Atly Çäresi

turkmenhabargullugy