29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Altyn Asyr” Ikinji Orun Bilen Aratapawudy Baş Utuga Çenli Artdyrdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň birinji duşuşygynda “Altyn Asyr” Balkanabadyň “Nebitçi” toparyny uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary 7:0 hasabynda üstün çykdy. Paýtagtymyzyň toparyna ýeňiş getiren toplaryň ikisini geçiren Altymyrat Annadurdyýew derwezelere geçiren 15 topy bilen çempionatymyzyň netijeli oýunçylarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär..

Gazanan bu ýeňşinden soň “Altyn Asyr” 30 utuk toplap, ikinji orunda barýan “Ahal” bilen utuk aratapawudyny bäş utuga çenli artdyrdy. “Ahalyň” garşydaşyna garanyňda bir duşuşygy az geçirendigini ýatladýarys.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyry 13-nji iýunda “Şagadam” – “Energetik”, “Ahal” – “Aşgabat” hem-de “Merw” – Köpetdag” toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.

14-nji tapgyryň duşuşygy:

“Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 7:0

Gollar: 28 Furkat Tursunow, 29 Merdan Muhadow, 34, 50 Altymyrat Annadurdyýew, 62 Begmyrat Baýow, 63, 83 Begenç Akmämmedow (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 81 Welmyrat Ballakow (“Altyn Asyr”) – 56 Maksat Çagbaliýew, 70 Wekil Kadyrow, 81 Myratberdi Berenow (“Nebitçi”)

Meýdandan çykarylan: 81 Wekil Kadyrow, 2-nji duýduryş (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Merdan Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: Muhammet Öwezdurdyýew (Mary ş.)

Tomaşaçy sany: 300

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Putin Türkmenistan Bilen Hazarda Bilelikdäki Işleri Işjeňleşdirmegi Ylalaşandygyny Beýan Etdi

turkmenhabargullugy

Bäsleşik Tamamlanýar: Haýsy Eserler Öňdäki Orunlarda?

Daşary Işler Ministri BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebitleýin Merkeziniň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşdy

turkmenhabargullugy