34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hazarýaka Ýurtlarynyň Portlarynyň Ýolbaşçylary Awazada Duşuşarlar

Hazarýaka Ýurtlarynyň Portlarynyň Ýolbaşçylary Awazada Duşuşarlar

Şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisi geçiriler.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri duşuşygyň barşynda gämi ýüzüşi, deňiz üsti bilen ýükleri gatnatmak, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazaryň portlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şol sanda önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmagyň hem-de gämilere hyzmat etmek ulgamynda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu sebitiň portlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisiň 7-njisi 2015-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunda geçirildi. Şonda nobatdaky duşuşygy Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt kabul edildi.

Degişli makalalar

Döwlet Gullugy Akademiýasynda BMG-niň we ÝB-nyň Agentlikleri Üçin Hyzmatdaşlygyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistan we Belarus Ylym-Bilim Ulgamynda Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de Täze Taslamanyň Ekologiýa we Eksport Atykmaçlyklaryna Baha Berdi