19.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Kenarýaka Woleýboly we Beýleki Ýaryşlar

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta bolan höwesini artdyrmak baradaky işlerinden ugur alyp Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Muňa bolsa welaýatyň dürli künjeklerinde geçirilen sport ýaryşlary şaýatlyk edýär.

Golaýda kenarýaka woleýbol boýunça Magtymguly etrabynyň sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryş Magtymguly etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň jogapkärçiliginde guraldy. Toparlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň netijesinde 19-njy mekdep I orna, 1-nji mekdep II orna, 7-nji orta mekdep bolsa III orna mynasyp bolup, ýeňişlerini baýram etdiler. Ýaryşyň ýeňiji toparlary Magtymguly etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

***

Ýakynda woleýbol boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Magtymguly etrabynyň sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşda 19-njy mekdep I orna, 13-nji mekdep II orna, 1-nji mekdep bolsa III orna mynasyp bolmagy başardylar. Bu ýaryşyň ýeňijilerine Magtymguly etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

***

Balkan welaýatynyň karatedo boýunça çempionaty 2-nji sport mekdepde geçirildi. Ýaryşyň netijesinde 8-9 ýaşly oglanlaryň arasynda K.Mämmetgurbanow (30 kg.), gyzlaryň arasynda O.Mämmetgylyjowa (30 kg.), 10-11 ýaşly oglanlaryň arasynda M.Maçhenko (35 kg.), B.Babartanow (45 kg.), 12-13 ýaşly oglanlaryň arasynda G.Garamämmedow (40 kg.), gyzlaryň arasynda M.Hojageldiýewa (42 kg.), 14-15 ýaşly oglanlaryň arasynda H.Begjanow (52 kg.), gyzlaryň arasynda M.Kudinowa (47 kg.), 18-24 ýaşly oglanlaryň arasynda J.Satlykgulyýew (60 kg.), 16-17 ýaşly oglanlaryň arasynda E.Rzaýew (68 kg.), gyzlaryň arasynda (53 kg.) O.Täçdurdyýewa dagylar öz agram derejelerinde I orna mynasyp bolmagy başardylar.

***

Balkanabat şäherinde ýerleşýän ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerde bilim alýan talyp oglan-gyzlaryň arasynda stol tennisi boýunça bäsleşikler geçirildi. Ýaryş Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda guraldy. Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň netijesinde Halkara nebit gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäher bölüminiň topary I orna, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň topary II orna, Balkan welaýat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary bolsa III orna mynasyp bolmagy başardy. Gyzlaryň arasynda bolsa Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň topary I orna, Halkara nebit gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäher bölüminiň topary II orna, Balkan welaýat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary III orna eýe bolmagy başardy.

Ýaryşlarda baýrakly orna mynasyp bolan türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.

Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç Bag Ekmek Çäresine Gatnaşdy

Saýlawçylaryň Dykgatyna

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach