39.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň Türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Bu komitetiň türkmen böleginiň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bellenildi.

* * *

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 10281-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtoulag serişdelerini ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda hem-de “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 10281-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, elektroenergetika babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak, şeýle hem ata Watanymyzda gazanylýan beýik üstünlikleri, eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhy geçmişini, nurana öwüşginli sungatyny, medeniýetini we türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetlerini kämil eserler arkaly beýan edýän zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Karary “Edebiýat we sungat gazetinde dolulygyna çap edilýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bahar baýramy

syrach

Putin 10 ministr bilen Türkiýede saparda boldy.

syrach

Jon Kerri Ankara geldi.

syrach