26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Täze Önümçilik we Durmuş Maksatly Desgalar-Watanymyzyň Abadançylygynyň Nyşanlary

Ak bugdaý etrabynda hususy işewürlige degişli iki senagat desgasynyň — ýuwujy serişdeleri hem-de polipropilen gaplary öndürýän häzirki zaman kärhanalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Asylly däbe görä, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirilýär. Artistleriň hem-de ýurdumyzyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary şol çäreleriň baýramçylyk öwüşginini artdyrýar. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň, köp sanly ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda guralan dabaralaryň dowamynda bu täze desgalaryň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.

Içerki we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan himiýa önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça döwrebap kärhanalaryň döredilmeginiň hasabyna daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem diňe bir öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna däl-de, ekologiýa abadançylygynyň saklanylmagyna gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bu maksatnamanyň möhüm ugrudyr.

Täze desgalaryň biri ýylda ýuwujy serişdeleriň 50 tonnasyny öndürmäge niýetlenen kärhanadyr. Ýerli gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edilen senagat desgasynyň düzüminde Türkmenistandan, şeýle hem Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan, Germaniýadan, Daniýadan we Malaýziýadan getirilýän çig malyň hilini we ahyrky önümiň hilini barlamak üçin niýetlenen merkezi barlaghana hereket edýär. Bu ýerde iş orunlarynyň 150-si döredildi.

Tehnologik ölçeglere laýyklykda kärhanada çig maly birnäçe tapgyrlarda arassalamak, öndürilýän serişdeleri zerur maddalar bilen baýlaşdyrmak hem-de süzgüçden geçirmek göz öňünde tutulýar. Önümçilik üçin niýetlenen suw we tebigy gaz ýörite enjamlaryň kömegi bilen arassalanylýar hem-de peýdalanylýar, şeýlelikde, daşky gurşawa zyýan ýetirilmeýär. Önümçilik işleri doly kompýuterleşdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurulýan ähli senagat desgalaryna bildirýän möhüm talabyna laýyklykda, toplum Ýewropanyň we Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman sorujy enjamlaryň, süzgüçleriň we enjamlaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün edildi.

Bu kärhana sebitde ýuwujy serişdeleri öndürýän iň iri desga bolup durýar, munuň özi ýokary hilli ýuwujy serişdeler bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, şolary eksport etmäge hem mümkinçilik berer.

Bu etrapda ulanmaga berlen ýene bir desga polipropilen matasyndan sygymy 300 kilogramdan 3 tonna çenli bolan iri göwrümli gaplary öndürmek boýunça «Bir Dünýä» hojalyk jemgyýetiniň kärhanasydyr. Bu kärhana ýylda bir million halta öndürmäge deň bolan önümçilik kuwwatynda işe girizildi, geljekde bolsa ol iki esse artdyrylar hem-de gury ürgün azyk we azyk däl önümleri hem-de serişdeleri saklamak we ibermek üçin ýokary hilli polipropilen gaplar bilen içerki hem-de daşary ýurtly sarp edijileri üpjün eder.

Kärhananyň eýeleýän umumy meýdany 15700 inedördül metre deň bolup, Awstriýanyň «Starlinger» kysymly iň döwrebap enjamy bilen üpjün edildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýumşak gaplary öndürmek üçin çig malyň 95 göterimini üpjün eder, bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge we taýýar önümiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsir eder.

Dabara ýygnananlar täze desgalaryň açylyş dabarasynyň barşynda telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, türkmen halkynyň ähli babatda mynasyp durmuşuny üpjün etmek ugrunda yzygiderli aladalary üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bularyň ählisi Türkmenistanyň himiýa senagaty ulgamynda bar bolan kuwwatly ylmy mümkinçilikleri bilen bilelikde, geçirilýän işleriň netijeliligini we hilini täze derejä çykarmaga, ýurdumyzyň sebitleriniň okgunly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

***

Şu gün Türkmenabat şäherinde Bitarap Türkmenistan we Aşgabat köçeleriniň çatrygynda ýerleşen, her biri 24 maşgala niýetlenen 4 gatly jaýlaryň ikisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Saldamly goşant» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary täze binalaryň gurluşygynda iň oňat tehnologik gurnamalary hem-de iň döwrebap bezeg serişdelerini peýdalandylar. Belent üçekli, giň geçelgesi we aşhanasy bolan iki, üç we dört otagly öýler mebeller we öňdebaryjy durmuş tehnikalary bilen enjamlaşdyryldy.

Öýleriň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyklar döredildi, çagalar we sport meýdançalary gurnaldy. Öý eýelerine açarlaryň gowşurylyşy dabaraly baýramçylyk ýagdaýynda geçdi.

Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň esasynda döwletimiziň adam baradaky aladasy bilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy üçin, Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle ajaýyp üstünlikler Amyderýa jülgesiniň mysalynda aýdyň görünýär. Bu ýerde welaýatyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda ýakyn wagtda jemi 3500 maşgala niýetlenen döwrebap şäherçeleriň gurluşygyna badalga berler. Olarda durmuş ähmiýetli desgalaryň uly toplumy jemlener.

***

Şu gün bu ýerde ýyladyşhana hem-de süýji-köke önümlerini öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi. Mary şäherindäki döwrebap ýyladyşhana «Nahal» hem-de «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan 6 gektar meýdanda guruldy we ýylda 1 müň 200 tonna gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenendir.

Iň täze ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhananyň giň meýdanynda pomidoryň ýokary hasylly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde howanyň ýagdaýyny, çyglylygy saklamaga hem-de topragyň ýokumly serişdeler bilen baýlaşdyrylmagyna gözegçilik edýän awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar ulanylýar. Hasyl ýygnalýan döwürde her düýpden 10 — 12 kilogram pomidor almak meýilleşdirilýär.

Täze ýyladyşhananyň açylmagy bilen, welaýatyň ýaşaýjylary ekologiýa taýdan arassa ýokumly önüm bilen üpjün ediler, onuň doly kuwwatyna çykmagy bilen bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan döwlet maksatnamalaryna laýyklykda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümleri öndürmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge oňat mümkinçilikler dörär.

Şol gün Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň 9-njy kilometrinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümlerini öndürýän täze kärhanasynyň açylyşy boldy.

Desganyň 3,5 gektar meýdanynda dolandyryş binasy, süýji-köke öndürýän zawod, çig maly hem-de taýýar önümi saklamak üçin desgalar ýerleşdirildi. Kärhana meşhur öndürijileriň iň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlaryna eýedir. Bir günde zawod süýji-köke önümleriniň 92 tonnasyny — kökeleriň, şokoladlaryň we waflileriň jemi 63 görnüşini öndürmäge ukyplydyr. Önümçilik bölümlerinde 250-den gowrak işgär zähmet çeker. Kärhananyň doly kuwwatyna çykmagy bilen, onda öndürilýän önümleri hem daşary ýurtlara ibermek maksat edinilýär.

Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, bu täze gurluşyklar hormatly Prezidentimiziň milli ykdysady strategiýasynyň netijelidigini görkezýär. Häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak şol strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawdan peýdalanyp, ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply dürli harytlaryň önümçiligini yzygiderli artdyrýarlar.

Dabaraly çärä gatnaşanlar Diýarymyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

tdh

Degişli makalalar

Altyn Nurmuhammedowa: Bäsleşik Ýaşlary döredijilige Ruhlandyrýar

Türkmenistanda Maýyp Adamlara Niýetlenen Mugt Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşygyna Badalga Berildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi

turkmenhabargullugy