10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Zenanlar guramasynyň işjeň agzalarynyň duşuşyklary.

Ýurtda zenanlar guramalarynyň işjeň agzalarynyň gyzlar, ýaş zenanlar bilen duşuşyklar tapgyry geçirildi. Bu duşuşyklar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Bilim ministrliginiň goldamaklarynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlangyjy bilen geçirildi.

Zenanlaryň köp sanlysynyň gatnaşmagynda welaýat we etrap merkezlerinde geçirilen duşuşyklarda maşgala, eneligi we çagalygy goramak babatda döwletiň alyp barýan syýasaty jikme-jik düşündirildi. Türkmenistanyň kanunuçylygynyň zenanlara diňe bir erkekler bilen deň hukuk berilýändigi aýdylman, eýsem olara artykmaçlyklar we ýeňillikler berilýändigi nygtaldy. Konstitusiýa laýyklykda biziň ýurdumyzda zenanlaryň işlemekleri, okamaklary, hünär edinmekleri, çagalary terbiýelemekleri üçin ähli şertler döredilendir.

Duşuşygyň dowamynda maşgalanyň abadançylygyny, eneligi we çagalygy goramaklygy ýokarlandyrmak boýunça Prezidentiň edýän giň göwrümli aladalaryna aýratyn üns berildi. Ýurtda köptaraply maddy we durmuş ýeňillikleriniň giň ulgamy, eneler we çagalar üçin artykmaçlar we ýeňillikler döredildi. Döwlet maşgalany we çagalary öz howandarlygyna aldy. Duşuşyklarda çykyş edenler Kanunyň anyk kadalaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna we Kararlaryna ýüzlendiler. 

Degişli makalalar

Nebitiň Çykarylyşy Babatda Maýadarlaryň Ynamy Netijesinde Bahasy Ýokarlanýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda Ýaýbaňlandyrylan Giň Möçberli Özgertmelere Mynasyp Goşant Goşmak Biziň Umumy Maksadymyz

Ýurduň Bugdaý Ekilen Meýdanlarynda Ideg Etmek Işleri Alnyp Barylýar

syrach