27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DURMUŞ

Ukrainanyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniet günleri açyldy.

Ukrainanyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniet günleri açyldy. Onuň dowamynda şäheriň ilaty we onuň myhmanlary biziň halkymyzyň döredijilik däpleri we mirasy, ýurduň häzirki zaman sungaty bilen tanşarlar. Bu gezekki medeni çäre gumanitar ugurdaky türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň iki halkyň gadymy ruhy gatnaşyklarynyň saklanmagyna bolan ygrarlydygyny aýdyň beýan etdi we onuň täze taryhy eýýamda syýasatda we ykdysadyýetde dowam edýän netijeli duşuşygyny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Bu pikir şu ýylyň martynda Kiew şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ukraianynyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň arasynda bolan gepleşiklerde aýratyn bellenildi. Medeniet, ylym, bilim, sungat, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky özara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassyklap, iki ýurduň liderleri bu ulgamlardaky bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegi we onuň iki döwletiň bähbidine laýyk gelýän täze derejä göterilmegi üçin giň mükinçilikleri açýandygyny bellediler.

Şu jähzetden Prezidentler Gürbanguly Berdimuhamedow we Wiktor anukowiç 2011-nji ýylda Ukarinanyň Türkmenistanda geçirilen Medeniet günlerine ýokary baha berdiler we Türkmenistanyň Ukarianada boljak Medeniet günleri türkmen we ukrain halklarynyň arasnydaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň baharynda Ukraina bolan saparyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasyna “Galkynyş” atçylyk – spot toparynyň jigitleriniň çykyşlary girizilendigini bellemeli. Türkmen jigitleri şonda özüniň adaty bolmadyk sungaty bilen kiýewli tomaşaçylary haýrana goýdular. Şu günler ukraian paýtagtynda bolýan biziň ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň agzalary hem munuň şeýledigine göz ýetirdiler. Çünki kiýewliler Türkmenistandan artistleriň gelendiklerini eşidenlerinde dessine türkmen atly jigitlerini, olaryň täsirli çykyşlaryny ýatladylar. Bu gezek kiýewliler üçin täze duşuşyklar garaşýar.

Kiewde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çärelerine badalga berilmezinden öňürti bu ýerdäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ukarianadaky Ilçsihanasynyň işgärleri, Ukrainanyň Medeniet we syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylary, biziň ýurdumyzyň medeniýet işgärleri, şeýle hem Kiewiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan köp sanly türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu çärä türkmen halkynyň ruhy däplerine hormat goýmagyň nyşany bolmakb ilen çäklenmän, eýsem halklary we adamlary baglanyşdyrýan iň hoşniýetli, mähirli we dostluk duýgularynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ukarianynyň paýtagtynyň merkezindäki A.S.Puşkiniň adyny göterýän köçäniň ugrunda ýerleşýän seýilgähde oturdylan beýik türkmen şahyrynyň ýadygärligine gül desseleri goýlan pursaty edil el çarpylýan ýaly asmana galýan gögerçinleriň ganatlarynyň sesleri eşidildi. Munuň özi bu pursatlaryň söýgä, mähre hem-de hormata beslenendigini alamatlandyrdy.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi taýdan açylyşy Kiýewiň iň meşhur medeniýet ojagy bolan Iwan Franko adyndaky Milli akademiki drama teatrynda guraldy. Ýeri gelende aýtsak, bu teatryň işgärleri türkmen medenietini giň köpçülik bilen tanyşdyrmak üçin bu teatryň saýlanyp alnandygyna buýsanýandygyny bellediler. Bu medeniet ojagynyň taryhynda Türkmenistan bilen baglanyşykly sahypalar hem bar. Şu teatryň iň meşhur aktýorlarynyň biri Natalýa Ujwi “Älemgoşar” filminde esasy keşbi ýerine etirdi. Ony Mark Donskoý uruş ýyllarynda Aşgabatda surata düşürdi. Ol film Oskar baýragyna mynasyp boldy we dünýä kinematografynyň nusgawy eseri diýlip ykrar edildi.

Bu gün “iwanofranko” teatry Türkmenistandan gelen iň ýakyn we hormatly dostlaryny kabul edýär. Bu ýerde guralan duşuşyga Ukraiananyň döredijilik intelligensiýasynyň köp sanly wekilleri, görnükşi sungat işgärleri, belli ýazyjylary, suratkeşleri we artistleri gatnaşdylar. Şeýle hem teatryň tomaşa zalynda Ukrainanyň hökümet we şäher dolandyryş düzümlerini bu ýurtda işleýän ilçihanalaryň wekilleri we Kiewiň ýaşaýjylarywe myhmanlar bar. Esasan-da bu ýerde ýaşlar köp. Türkmen talyplary bu günki waka barada öz deň-duşlaryna aýdyp, olary bu çärä çagyran soň dabara gatnaşyjylaryň arasynda Gwineýadan, Gruziýadan, ABŞ-dan, Kamerundan başga-da birnäçe ýurtlardan we elbetde Ukrainadan ýaşlar bar. Türkmen artistleri tomaşaçylaryň öňünde täsirli çykyşlary ýerine etirdiler.

Ukrain we türkmen tarapyndan edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, medeniýet Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasnydaky özara gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Çünki hut ruhy gymmatlyklaryň üsti bilen ýürekden-ýürege ýol ýasalýar. Bu bolsa adamlary we halklary ýakynlaşdyrýar. Konserte tomaşa edenler hut şol ruhy ýakynlygy dostluga, parahatçylyga, gözellige we döredijilige bagyşlanan dabaranyň aýdyň nyşanyna öwrülen şu günki konsertde doly göz ýetirdiler.

Pessaý saz bilen başlanan “Gel Türkmenistana” atly aýdymyň heňi barha batlanyp ol belent perdelere çykdy. Zalda oturan tomaşaçylar türkmen sazlarynyň, aýdymlarynyň we tanslarynyň joşgunyna maýyl boldular. Konsertiň maksatnamasyna nusgawy milli saz sungatynyň eserleri we häzirki zaman kompozitorlarynyň aýdymlary hem-de öz öwüşgünini ýitirmedik halk sazlary girizildi. Olar türkmen artistleriniň ýerine etirmeginde ýaňlanan ukraian aýdymlary bilen bir sungat çemenini emele getirdiler. Halk dessanyna uzak wagtlap el çarpan tomaşaçylar bütinleý ümsümlikde Nury Halmämmedowyň “Dutar owazlaryny” diňlediler. Soňra “Serpaý” folklor toparynyň joşgunly tanslaryny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. “Altyn asyr” orkestriniň instrumental saz gurallarynyň owazy hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem olar türkmen saz sungatynyň belli aýdymçylarynyň, operaçylarynyň we estradaçylarynyň eserlerini höwes bilen diňlediler. Sahnada türkmen artistleri öz zehinleri bilen bir hatarda halkyň hoşniýetli kalbyny äşgär etdiler. Tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryna el çarpyşmalar bilen jogap berdiler.

“Küşt depdi” tansy adatça bolşy ýaly, baýramçylyk konsertiniň jeminijemledi. Onda halkymyzyň horeografik we saz ýörelgeleriniň aňrybaş nusgalary, örän täsirli we adaty bolmadyk äheňleri äşgär edildi.

Ukrainanyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mihaýlo Kulinýakanyň hut öz adyndan türkmen artistleriniň ýokary ussatlygyna hoşallygyň nyşany hökmünde gül desseleri gowşuryldy. Tomaşaçylaryň türkmen aýdymçylaryny we tansçylaryny Ukraina ýene gelmäge bolan çakylyklary artistler üçin iň ýokary hormat boldy.

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde ýene bir şanly waka boldy. Kiewiň Taryh muzeýinde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy. Şäheriň taryhy barada gürrüň berýän täze açylan muzeýde şunuň ýaly çäräniň geçirilmeginde özboluşlymany bar. Türkmen sungatynyň sergisi bu ýerde geçirilen ilkinji halkara çäre boldy. Şeýlelikde, sergi Kiewiň çeperçilik toparlarynyň köp sanly wekillerini, sunagatyň muşdaklaryny we syýahatçylary özüne çekdi. Muzeýiň giň zalynda guralan sergä gelen tomaşaçylar örän köp boldy. Onda türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň ajaýyp gymmatlyklary görkezildi. Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklary ýerleşdirmekde özboluşly uul ulanylypdyr we ol serginiň ähmietini has-da artdyrýar. Ajaýyp zergärçilik önümleriwe göze gelüwli keşdeler, nagyşlar bilen bezelen milli lybaslar has-da özüne çekiji boldy.

Şol gün Ukrainanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginde türkmen wekilleriniň agzalary bilen medeniet ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde sungat ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary, täze bilelikdäki çäreleri, döredijilik alyş-çalyşlaryny geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleri dowam edýär. Öňde ýene-de şanly duşuşyklar we kiýewliler üçin ajaýyp açyşlar garaşýar.

Degişli makalalar

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatçylary garşylaýar.

syrach

Parahatçylygyň, Howpsuzlygyň we Durnuklylygyň Bähbidine Hyzmatdaşlyk

syrach

Oba Hojalyk Pudagynda Hyzmatdaşlygyň Täze Görnüşine Badalga Berildi

turkmenhabargullugy