16.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Raýat Ýagdaýynyň Namalarynyň Ýazgysyny (RÝNÝ) Bellige Almak

Raýat Ýagdaýynyň Namalarynyň Ýazgysyny (RÝNÝ) Bellige Almak

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde geçirýärler.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralary fiziki şahslaryň degişli hereketleriniň ýa-da bu adamlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän wakalaryň hakykylygyny tassyklamak maksady bilen raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýärler.
Raýat ýagdaýynyň namalary ‒ raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem olaryň hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän, döwlet belligine alynmaga degişli bolan raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň namalarynda görkezilýän raýatlaryň hereketleri ýa-da wakalar we faktlar.

RÝNÝ edaralary:

welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň RÝNÝ bölümleri;
еtrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň Geňeşleri;
raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary

Welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň RÝNÝ bölümleri:

dogluşy;
nikanyň baglaşylmagyny;
nikanyň bozulmagyny;
perzentlige alynmagyny;
atalygyň anyklanylmagyny;
familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini;
ölümi döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýärler;
gaýtadan şahadatnamalar we güwänamalar berýärler;
raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýärler;
bellenilen tertipde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny ýatyrýarlar we (ýa-da) dikeldýärler.

Etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň Geňeşleri:

dogluşy;
nikanyň baglaşylmagyny;
nikanyň bozulmagyny;
atalygyň anyklanylmagyny;
ölümi döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýärler;
güwänamalar berýärler.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň:

dogluşy;
nikanyň baglaşylmagyny;
nikanyň bozulmagyny;
perzentlige alynmagyny;
atalygyň anyklanylmagyny;
familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini;
ölümi döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýärler;
gaýtadan şahadatnamalar we güwänamalar berýärler.

Degişli makalalar

Stambul Şäherinde Aziada-2017 Oýunlarynyň Başlanmagyna 100 Gün Galmagy Mynasybetli Welosipedli Ýörüş Geçirildi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen we Gazak Işewürliginiň Arasyndaky Gatnaşyklarynyň Ösdürilmegini Goldaýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik