23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Stambul Şäherinde Aziada-2017 Oýunlarynyň Başlanmagyna 100 Gün Galmagy Mynasybetli Welosipedli Ýörüş Geçirildi

Stambul Şäherinde Aziada-2017 Oýunlarynyň Başlanmagyna 100 Gün Galmagy Mynasybetli Welosipedli Ýörüş Geçirildi

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygyndaş Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halkynyň bol-elin we sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň görelde bolmagy bilen, türkmen halkynyň, aýratyn-da ýaş neslimiziň sporta bolan höwesi barha ýokarlanýar. Türkmen ýaşlarynyň beden we ruh taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda sportuň ösmegi ugrunda alnyp barylýan bu işlere goşant goşmak maksady bilen, Baş konsullygymyz tarapyndan, “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörüş geçirildi. Bu çärä, Stambul şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda, türkmen talyplarynyň ýaşaýyş-durmuş we okuw şertleri barada gürrüň edildi. Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen talyplarynyň dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän uly mümkinçilikler hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda welosporta bolan höwesjeňligi artdyrmak üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyldy. Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, ýurdumyzyň barha ýokarlanýan halkara abraýynyň ýene bir subutnamasydygy bellenilip geçildi. Bu medeni-sport çäresine gatnaşan türkmen talyplaryna, Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen köýnekçeler sowgat edildi we ýadygärlik surata düşüldi.

Çeşme: istanbul.tmconsulate.gov.tm

Degişli makalalar

Yabancılara Müjde

turkmenhabargullugy

Saglygy Goraýyş, Sport, Syýahatçylyk

Türkiýäde Okaýan Talyplara Bildiriş (Ertir Sport Çäreleri Geçiriler)

syrach