01.12.2025
DÜNÝÄ

İlham Aliýewiň 51 ýaşynyň bellenilip geçilmegi üçin 51 metrlik tort bişirildi.

Azerbaýjanyň prezidenti İlham Aliýewiň 51 ýaşy bellenilip geçildi. Prezident İlham Aliýewiň 51 ýaşynyň bellenilip geçilmegi üçin 51 metrlik tort bişirildi
Azerbaýjanyň uly şäherlerinden biri bolan Sumgaýytda Prezident İlham Aliýewiň doglan güni bellenilip geçildi. Halk Sumgaýytyň şäher häkimligi tarapyndan bişirdilen 51 metrlik torty görmek üçin nobata durdy. Prezident İlham Aliýewiň doglan gününi uly tort bilen belläp geçmegi adaty ýagdaýa öwürendiklerini aýdan şäher häkimi Eldar Azizow şu ýylky tortyň Ýewropanyň iň uly torty bolandygyny ýatlatdy. Tort Azerbaýjanda iş alyp barýan türk firmasy tarapyndan bişirildi. Tortyň bişirilmegi üçin 22 müň ýumurtga, 2 tonna un, 1,7 tonna şeker bilen 700 kilogram hoz ulanyldy.

Degişli makalalar

Putin 4 ýyl soñ täzeden prezident boldy.

syrach

Russiýa S-300 Roketa Ulgamlaryny Eýrana Berer

syrach

Nazarbaýew: “Täze Pul Birligi Çykarylmaly”

syrach