15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

Aýazly günlere ýeterlik derejede taýýarlyk görüldi.

Paýtagtymyza aralaşan garly we aýazly howa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanyka bagynyň işgärlerini aljyraňňy ýagdaýa salmady. Sebäbi bu ýerde heniz sowuk düşmänkä gyş möwsümine oňat hilli taýýarlyklar görüldi.

Botanika bagynyň gülhanalary we ýyladyşhanalary wagtynda abatlanyldy, gurluşlarda inwentarizasiýa durkuny täzelemke işleri geçirildi, içerki birnäçe gulluk gurluşlarynyň jaýlarynda bolsa düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Olaryň üçekleri täze hazirki zaman materiallary bilen çalşyldy. Gülçüligiň, tropiki we subtropiki ösümlikleriň barlaghanalarynda her ýyl göçürilýän ýylylygy gowy görýän ösümlikler üstünlikli gyşlaýarlar. Bu ýerde ýazky ekiljek ösümlikler üçin ätiýaçlyk mes toprak, dürli görnüşli mineral we organiki dökünleri taýýarlamak işleri hem utgaşykly alnyp barylaýar.

Ýyly howa düşýänçä tropiki we subtropiki ösümlikleriň, ýokary sortly rozalaryň, hrizantemalaryň we irisleriň, miweli tropiki ösümlikleriň toplanyş meýdançalarynda, şeýle hem bezeg, owadan gülleýän ösümlikler, şeýle hem tropiki we subtropiki ösümlikler bilen botanika bagynyň üstüni ýetirmek üçin döredilen karantin tohumçylyk ýyladyşhanasynda uly göwrümli işler geçirilýär.

Gyş pasly – bu halkara katalogy bolan delektus boýunça botanika baglary bilen tohumy alyş-çalyş edilýän işjeň döwrüdir.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Goňşokara Baýramy Mynasybetli Çäreler Geçirildi

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Migrasiýa Hakynda

turkmenhabargullugy

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2019-njy Ýyl: Söwda Toplumy we Telekeçilik