01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Kerri bilen Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerri Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Wiktoria Nuland beren ýazmaça beýanatynda Jon Kerri bilen Sergeý Lawrowyň telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky ýagdaý we Demirgazyk Koreýanyň ýadro synaglary barasynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Berlen beýanata görä ýarym sagat dowam eden telefon söhbetdeşliginde Kerri bilen Lawrow Siriýa barasynda ABŞ-nyň we Russiýanyň syýasy geçiş etabyna goldaw bermek üçin taraplara täsir ýetirmeginiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdy.

Kerri Siriýada gyrgynçylygyň bes edilmegine, siriýalylaryň hak-hukuklarynyň goralyp saklanmagyna ünsi çekdi.

Kerri bilen Lawrow Demirgazyk Koreýanyň soňky ýadro sygnagyna gyssagly ýagdaýda garşylyk görkezmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmelidigini nygtady.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Serž Sarkisýan ýeňiji boldy.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy