22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti we HorwatiýanyTürkmenistanyň Prezidenti we Horwatiýanyň Premýer-ministri gepleşikleri geçirdiler.ň Premýer-ministri gepleşikleri geçirdiler we täze gämileriň tanyşdyryş dabarasyna gatn

Hazaryň kenarynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we deňiz ýakasyndaky şähere iş sapary bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiçiň arasynda gepleşikler boldy. Milli Liderimiz we belent mertebeli myhman ýurdumyzyň flotunyň üstüni ýetiren täze gämileri, şol sanda Horwatiýanyň gämi gurluşyk zawodynda gurlan paromy garşylamak dabarasyna gatnaşdylar. 

Horwatiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyna taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ädim hökmünde baha berýärler, bu döwletiň hökümetiniň baştutanynyň saparynyň anyk maksady bolsa iki ýurduň ýolbaşçylarynyň işjeň gatnaşyklary ugur edinýändigine şaýatlyk edýär. Iki döwletiň Baştutanlarynyň we hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşyklary şol gatnaşyklara kuwwatly itergi berýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistan we Horwatiýa eýe bolan serişdeler, senagat we aň-paýhas mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga çalyşýarlar. Ol dürli ugurlarda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak üçin ähli şertleri döredýär. Şol taslamalar Adriatiki deňizden Hazar deňzine çenli özboluşly ykdysady köpri üçin daýanç bolup biler. 

Ýakynlaşmaga tarap ugur alan iki dostlukly ýurduň hut şu ugry köp babatda şu ýylyň aprelinde Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň Türkmenistana döwlet saparynyň barşynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň üstünligini kesgitledi. Şonda ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Olar dürli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, syýahatçylyk we medeniýet ulgamynda, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk üçin täze sepgitleri açdy. 


Horwatiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly bolan türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini sapara gabatlanan işewürler maslahaty hem görkezdi. Oňa dostlukly döwletiň Premýer-ministri hem-de onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika, ulag, gämi gurluşyk, himiýa, dokma, derman pudaklarynda, awtomobil ýollarynyň, syýahatçylyk we sport desgalarynyň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi. 

Türkmen-horwat gatnaşyklarynyň berkemeginiň Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşen döwründe bolup geçýändigi guwançlydyr. Olar bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli özara gatnaşyklar şol gepleşikleriň möhüm ugry bolup durýar. Horwatiýanyň ýurdumyzyň ähmiýetli başlangyçlaryny, şol sanda dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda başlangyjyny goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegine aýratyn üns berilýär. Horwatiýa bu pudagyň kuwwatly binýadyna eýe bolmak bilen, şol ugurda Ýewropa liderleriniň biri bolup durýar. Degişli ugurdaky özara gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka we Merkezi Aziýa sebitleriniň giňişliginde bir bitewi ulag ulgamyny döretmek, ony Gara, Baltika we Orta ýer deňizleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamlary bilen birleşdirmek boýunça başlangyçlaryny, şeýle hem Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň ähmiýetli bölegini—Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transkontinental demir ýoluny gurmak boýunça durmuşa geçirilen taslamany amala aşyrmagyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dünýäniň täze geoykdysady kartasyny döretmäge mümkinçilik berer. 

Türkmenistanyň we Horwatiýanyň geografik taýdan ýerleşmeginiň aýratynlyklary döwletleriň ikisine hem Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde, aýratyn-da, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde uly orun eýelemäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin türkmen-horwat hyzmatdaşlygy halkara ulag düzümini ösdürmekde, söwda-üstaşyr geçelgelerini, şol sanda Gündogar-Günbatar ugry boýunça geçelgäni döretmekde möhüm şertleriň birine öwrülip biler. 

Syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklar hem döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi. Türkmenistan Adriatiki deňziniň kenarynda döwrebap syýahatçylyk ulgamyny döretmekde Horwatiýanyň toplan uly iejribesini öwrenmäge we peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär. Şunda horwat kompaniýalary Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge gatnaşmaga uly isleg bildirýärler. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiçiň duşuşygynyň hut Awazada geçirilmeginiň özboluşly manysy bardyr. 

… Sapar mahaly kabulhanasy “Hazyna” myhmanhanasynda ýerleşen Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň awtoulag kerweni irden “Serdar” myhmanhanasyna geldi. 

Myhmanhananyň eýwanynda belent mertebeli myhmany türkmen döwletiniň Baştutany garşylady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministrini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Zoran Milanowiç hem öz gezeginde Türkmenistanyň Baştutanyny ýany bilen gelen hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soň, milli Liderimiz we Premýer-ministr ikitaraplaýyn duşuşyklar zalynda ikiçäk gepleşikleri geçirdiler. 

Hormatly Prezidentimiz horwat hökümetiniň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Şu ýylyň aprelinde Aşgabat şäherinde Horwatiýanyň Lideri bilen bolan duşuşygy, şeýle hem 2009-njy ýylyň iýunynda bu ýurda bolan saparyny mähir bilen ýatlaýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň döwrüň ruhuna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbidine gabat gelýän çemeleşmäniň beýany boljakdygyna ynam bildirdi. 

Zoran Milanowiç Türkmenistana gelip görmäge çakylyk we bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz nobatynda deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde bolmaga döredilen mümkinçilik üçin örän şatdygyny nygtady, şol şäheriň okgunly ösüşi täzelenýän türkmen topragynyň, ýurdumyzda geçirilýän ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleriň nyşany boldy. 

Gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Söhbetdeşler häzirki wagtda taraplaryň gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek ugrunda üstünlikli işleýändiklerini kanagatlanmak bilen nygtadylar, munuň özi iki ýurduň halklarynyň bähbitleri üçin oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygynyň we özara isleg bildirýändiginiň ýene-de bir tassyklanmasy bolup durýar. Türkmenistanyň Baştutany we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilelikdäki düzümleýin taslamalar, maýa goýumlaryny giňeltmek üçin has möhüm meseleler barada hem pikir alyşdylar. 

Soňra duşuşyk “Serdar” myhmanhanasynyň uly mejlisler zalyna ýygnanan iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany türkmen topragynda ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistanyň we Horwatiýanyň döwletara hyzmatdaşlygyny täze belentlige çykarmaga, onuň işewür we medeni gatnaşyklaryň çuň mazmunyna eýe bolmagyna gyzyklanma bildirýändigini belledi. Munuň şeýledigine şu ýylyň ýazynda Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň Türkmenistana bolan döwlet sapary aýdyň şaýatlyk edýär. Şonda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde özara bähbitleri we bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň ugurlary kesgitlenildi. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 

Biziň ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen möhüm ylalaşdyryjylyk başlangyçlary we teklipleri bilen çykyş edýär. Olar Ýewraziýa giňişliginde we dünýäde giň hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Horwatiýanyň hemişe Türkmenistanyň dünýä möçberindäki başlangyçlaryny, hususan-da, energetika meselesi boýunça başlangyçlaryny işjeň goldaýandygyny nygtamak bilen, pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna, bu ýurduň Prezident Iwo Ýosipowiçe dünýäniň geosyýasy we ykdysady binýadyny kämilleşdirmek meselelerinde jogapkärli we öňdengörüjilikli ugry, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerine degip geçmek bilen, onuň oňyn depginlerini kanagatlanmak bilen belläp, sazlaşykly ösýän ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny görkezdi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça häzir dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolup durýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň “Galkynyş” käniniň baý uglewodorod serişdeleri aýdyň şaýatlyk edýär. Gorlary boýunça 26,2 trillion kubmetr gaza barabar bolan bu täsin kän senagat taýdan ulanmaga berlip, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda aýratyn möhüm ädimi alamatlandyrdy. Biziň ýurdumyz dünýäniň energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge uly goşant goşýar. Şunda türkmen gazynyň Ýewropa iberilýän ugruna möhüm orun berilýär. 

Şol bir wagtyň özünde türkmen-horwat özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň ulanylmaýandygy bellenildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz ýakynda ulanmaga berlen Demirgazyk-Günorta halkara geçelgesiniň möhüm ulag bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň ähmiýetini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, şondan başga-da, ulag ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda transmilli ulag geçelgesiniň hereket edýän zolagyny giňeldýän hem-de halkara we içerki ulag akymlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýan täze ýollary gurmagyň bellenilendigini aýtmak gerek. Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýoluny gurmak boýunça taslamanyň amala aşyrylmagyna badalga berildi. Nobatdaky tapgyrda Aşgabat-Farap ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak göz öňünde tutulýar. Beýleki ugurlarda hem, şol sanda Aşgabat-Daşoguz, Türkmenbaşy-Gazagystanyň serhedi, Mary-Serhetabat ugurlarynda täze ýollar çekiler. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz horwat hünärmenlerini türkmen ulag ulgamyny ösdürmek we onuň üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy. 

Mysal üçin, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar, şeýle hem Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ugurlary boýunça transmilli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek göz öňünde tutulýar. Olaryň birinjisi Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogaryň döwletlerini baglanyşdyrar. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitinde halkara ulag gatnawlarynda möhüm ýol bolar. 

Türkmenbaşy şäherinde gurulýan täze deňiz menzili Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň döwletlerine çykmak üçin örän amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Horwatiýa bilen deňiz ulagy babatda hyzmatdaşlygyny möhüm ugur diýip atlandyrdy. Hususan-da, Türkmenistanyň buýurmasy boýunça “ULJANIK” gämi gurluşyk kärhanasynda “RO-PAX” kysymly döwrebap awtoporomlaryň biri eýýäm ýurdumyza geldi, beýlekisini bolsa biz geljek ýylda garşylarys. 

Biz geljekde hem ulag ulgamynda, özi-de diňe gämi gurluşygynda däl-de, eýsem, wagon, maşyn gurluşygynda gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmegi göz öňünde tutýarys. Şonda biz horwat önüm öndürijilerine otlulary, awtomobil tehnikalaryny sargyt ederis diýip, milli Liderimiz belledi. 

Şol sanda syýahatçylygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň ägirt uly meýilnamalary bilen baglanyşykly täze mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz netijeli we düşewüntli syýahatçylyk senagatyny döretmek ulgamynda Horwatiýanyň uly tejribesini belläp, ýurdumyzyň bu ugurda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylda bu dostlukly ýurda saparynyň barşynda bu tejribe bilen hut özüniň tanşandygyny belläp geçmeli, şonda Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherinden başga hem “Adriatikanyň dürdänesi” diýlip atlandyrylýan port şähere we dünýä meşhur Dubrowik şypahanasyna hem baryp gördi. 

Syýahatçylyk pudagynda Ýewropanyň ykrar edilen liderleriniň biri bolmak bilen, Horwatiýa Türkmenistanda, şol sanda Hazaryň kenarýakasynda gaýtadan dikeldiş zolagyny ösdürmäge gatnaşyp biler. 

Bilim we medeniýet, ynsanperwer gatnaşyklary ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Biz bu ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam ederis diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de türkmen tarapynyň bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etmäge, ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek üçin şertnamalaýyn binýady we iş gurallaryny kämilleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. 

Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-minsitri Zoran Milanowiç öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda mähirli garşylandygy we myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirip, 20 ýyl mundan ozal biziň sebitimizde özüniň ilçi hökmünde işländigini belledi. 

Halkara hyzmatdaşlyk meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelerini dünýä jemgyýetçiligine görkezýän türkmen döwletiniň ýörelgesine ýokary baha berip, Horwatiýanyň Premýer-ministri ýurdumyzyň möhüm sebit we dünýä möçberindäki meseleleriň çözülmegindäki ornuny aýratyn belledi. 

Biziň üçin dürli pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary goldap we ösdürip, Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup çykyş etmek hormatdyr diýip, myhman aýtdy hem-de bu netijeli özara gatnaşyklary has-da ösdürmäge, onuň täze mümkinçiliklerini açmaga döredilen amatly şertler üçin türkmen Liderine çuňňur hoşallyk bildirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikiçäk geçirilen duşuşygyň barşynda möhüm meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Zoran Milanowiç taraplaryň bu meseleleriň çözülmegine umumy garaýyşlarynyň bardygyny nygtady. Bu bolsa döwletlerimiziň hyzmatdaşlygyny pikirdeşleriň we ygtybarly, jogapkär hyzmatdaşlaryň gatnaşyklaryna öwürýär. 

Premýer-ministr Türkmenistanyň uly geljegi we ägirt uly mümkinçilikleri bar diýip bellemek bilen, Horwatiýanyň kompaniýalarynyň energetika, ulaglar, gämi gurluşyk ugurlarynda we beýleki ençeme ugurlarda milli maksatnamalary we iri durmuş-ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga has işjeň çalyşýandyklaryny beýan etdi. Horwatiýaly hyzmatdaşlar tejribe hem-de tehnologiýalar alyşmakda zerurlyk bolan islendik pudakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrlar diýip, myhman nygtady. 

Horwatiýanyň senagatynyň öňdebaryjy pudaklarynyň gämi gurluşyk we maşyn gurluşyk bolup durýandygyny aýdyp, Zoran Milanowiç Horwatiýanyň Türkmenistanyň deňiz we demir ýol ulaglaryny ösdürmek ulgamyna, şeýle hem ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda öz hyzmatlaryny we nou-haularyny hödürlemäge taýýardygyny belledi. 

Häzirki wagtda horwat kompaniýalary dünýäniň ähli künjeklerinde gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda we ýurdumyzda ýol gurluşygynda, awtobanlary taslamakda we gurmakda ýeterlik tejribe bar diýip, Premýer-ministr belledi hem-de bu ulgamda onuň ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly möçberli meýilnamalaryny nazarda tutup, Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. 

Biziň wekiliýetimiziň düzümine giren Horwatiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, esasy kompaniýalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanda iş alyp barmaga, türkmen bazaryna maýa goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler diýip, myhman sözüni dowam etdi hem-de iki ýurduň işewür gatnaşyklarynyň geljekde özara haryt dolanyşygynyň ýygjamlaşmagyna we umuman, döwletara gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam edip, has-da giňeljekdigine ynam bildirdi. 

Biz şeýle hem ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, myhman Ýewropada we Horwatiýada gaz önümlerine uly isleg bildirilýändigini nygtady. Syýhatçylyk ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem ýokary baha berilýär – bu pudak Horwatiýada örän oňat ösendir. Türkmenistanda-da häzirki wagtda milli syýahatçylygy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär, onuň düzümleri işjeň ösdürilýär. Şu babatda biz örän ýygjam özara gatnaşyklara taýýardyrys diýip, Premýer-ministr aýtdy. 

Gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, Zoran Milanowiç medeniýet we bilim ulgamlarynda, döredijilik gatnaşyklarynda giň alyş-çalşy ýola goýmak babatda pikirini aýtdy. Munuň özi iki halkyň dostlukly, ynam we tüýs ýürekden bolan gatnaşyklarynyň oňat girewi bolup hyzmat edýär. 

Premýer-ministr Türkmenistana gelip görmäge we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze gäminiň gelmegine bagyşlanylan dabara gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. 

Giňişleýin düzümde duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilelikde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziline tarap ugradylar. 

Deňiz flotunyň ösdürilmegi döwletimiziň ulag syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biridir we biziň ýurdumyzyň daşary söwdada, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek üçin möhüm şertdir. 

Bu ugurda 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren hem-de bu pudakda işleriň hukuk esasyny goýan Türkmenistanyň deňiz ýüzüşinde söwda Kodeksiniň kabul edilmegi wajyp ädime öwrüldi. Pudagyň öňünde duran wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany birnäçe kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Türkmenistanyň Deňz we derýa ulaglary döwlet gullugy daşary ýurtlaryň iri gämi gurluşyk kärhanalary bilen gämileri gurmaga, şol sanda nebit we nebit önümlerini daşamak üçin derýa-deňiz görnüşli tankerleri gurmak barada şertnama baglaşdy. 

Şunuň netijesinde soňky bäş ýylyň içinde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ygtyýaryna iň döwrebap tankerleriň 7-si: “Sumbar”, “Hazar”, “Jeýhun”, “Bitarap”, “Etrek”, “Alaja” we “Kenap” gelip gowuşdy. Olaryň ählisi ýokary tehnologiýa enjamlary, şol sanda iň gowy nawigasiýa enjamlary, hemra aragatnaşyk ulgamlary we ş.m. bilen enjamlaşdyrylandyr. Mysal üçin, “Jeýhun” tankeri Beýik Britaniýanyň gämi gurluşykçylarynyň Korollyk institutynyň garaşsyz seljermesiniň netijeleri boýunça 2010-njy ýylyň iň oňat dünýä gämileriniň sanawyna girizildi. 

Häzirki wagtda bu gämiler Hazaryň türkmen kenarynyň ugrunda ýük daşalyşyny amala aşyryp, Alaja we Ekerem türkmen portlaryndan Kenar şäherçesiniň nebit guýulýan terminalyna çig nebiti ýetirýär. Şol ýerden önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gowuşýar. Mundan başga-da, tankerler Hazarýaka döwletlerine yzygiderli gatnawlary amala aşyryp, daşary ýurtly sarp edijilere dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini, mazut we beýleki nebit önümlerini ýetirýärler. 

“Çarlak” ýolagçy gämisiniň gurluşygy aýratyn waka boldy. Çünki ol türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenbaşy deňiz portunyň çäklerinde ýygnalan ilkinji gämi boldy. Häzir 320 ýolagçyny kabul etmäge ukyply bolan “Çarlak” Türkmenbaşy-Gyzylsuw adasy hem-de Türkmenbaşy-Hazar ugurlary boýunça hereket edýär. Ol şeýle hem Türkmenbaşy şäherinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna çenli deňiz gezelençlerini guramak üçin syýahatçylyk maksatlarynda peýdalanylýar. 

Mundan başga-da, şu ýyl “Älem”, “Jahan, “Seýil” we “Gudrat” atly dört sany tirkeg gämileriniň getirilmegi bilen täzelenýän port hojalygynyň üsti ýetirildi. 

Bu çäreleriň ählisi “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasynyň” yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 

Ine, bu gün bolsa ýene-de bir taryhy waka: deňizýaka şäheri täze gäminiň getirilmegini baýram edýär. 

Hazaryň giňişliklerinden ýüzüp gelýän “Berkarar” gämisi ony görenleriň ählisinde üýtgeşik ruhubelentlik döretdi. Bu ajaýyp pursatlar –türkmeniň ýaşyl Tugynyň astynda ap-ak gäminiň porta girmegi dabara gatnaşyjylarda buýsanç we watançylyk duýgularyny artdyrdy. 

“Berkarar” gämisiniň yzy bilen “Garlawaç” atly balyk tutujy gämi hem duralga tarap gelýär. 

Döwlet Baştutanmyzyň we myhmanyň bilelikdäki awtomobil kerweni Türkmenbaşynyň halkara deňiz menziliniň 12-nji duralgasyna geldiler, şol ýerde täze gämiler hem-de gämileri porta losmançylyk taýtan ugratmagy üpjün edýän tirkegler hatara goýlupdyr. 

Dabaralaryň geçirilýän ýerinde oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Horwatiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyny ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasly gyzlar belent mertebeli myhmanlara gül desselerini gowşurýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň minitsrlikleriniň we pudak edaralarynyň, welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. 

Gämi duralgasynda aýdym-saz çykyşlary ýaýbaňlanýar: halk döredijilik topary sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

“Berkarar” gämisiniň kapitany Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Zoran Milanowiç ak gar ýaly belent gäminiň üstüne çykýarlar. Hormatly ýaşulular we ak saçly eneler ýola goýlan asylly däbe görä, gämini garşylamak dessuryny ýerine ýetirdiler – oňa Türkmenbaşy şäheriniň bolan portuna sag-aman gelendigi üçin ak un sepilip, alaja daňyldy. Gämi Wolžsk ugry boýunça hereket etdi. Uly deňiz gämisiniň bu beýik derýanyň ugry boýunça geçmegi Russiýanyň şäherleriniň ýaşaýjylary üçin uly waka boldy. 

RO-PAX derejeli “Berkarar” gämisi ýolagçylary gatnatmak, ýük awtomobillerini we beýleki ulag serişdelerini daşamak üçin niýetlenip, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça “ULJANIK” (Pula şäheri, Horwatiýa) gämi kärhanasynda guruldy. Şertnamada gämileriň ikisini gurmak göz öňünde tutulýar. Olaryň ilkinjisi “Berkarar” gämisidir. 

Ol häzirki döwürň iň ýokary talaplaryna, şol sanda ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň şeýle bolmagyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. 

“Berkararda” ýokary hile, tizlige we çylşyrymly geçirijilik häsiýetine eýe bolup, uzak aralyklara deňiz gatnawlwaryny amala aşyrmak ukybyna eýe bolmak üçin hemme ýagdaý göz öňüne tutulandyr. Gämide her biriniň kuwwaty 3060 kWt bolan 4 taktly hereketlendirijileriň 2-si oturdylandyr. Bu bolsa gämini 17,16 uzel tizlige çenli bat almaga mümkinçilik berýär. “Berkararyň” ýangyjynyň möçberi 150 kub metrdir. Bu bolsa ol herekete çykanda 1800 deňiz milini aşmaga mümkinçilik berýär. Gäminiň suwa çöküş derejesi 4,35 metr, dedweýti (doly ýük göterijiligi) – 2400 tonna. 

Köp palubaly “Berkarar” öz göwrümi boýunça täsir galdyrýar – gäminiň uzynlygy 155,8 metr, ini 17,5 metr, beýikligi 12,2 metr. Bäş derejeli gäminiň birinji we ikinji gatlary ýük awtoulaglary üçin niýetlenendir, olara uly göwrümli ýük ulaglarynyň 53-si ýerleşip biler. Onda ýük ulaglaryny menzilden-menzillere ýetirmek üçin ähli amatlyklar üpjün edilipdir. 

Gäminiň üçünji gaty ýolagçylaryň hyzmatynda. Şu ýerde çagalar üçin meýdança bar. Ýolagçylar bu ýerde oňaýly restorana we çaýhana baryp bilerler, sowgatlyk we azyk önümleri dükanlarynda söwda edip bilerler ýa-da ýörite orunlarda dynç alyp, deňiz giňişliginiň gözelligine syn edip bilerler. Şeýle hem gämide lukmançylyk merkezi we beýleki hyzmat ediş nokatlary gurnalypdyr. Iň döwrebap gämi öz goýnuna 200 ýolagçyny kabul edip bilýär. Olara iň amatly derejede bolmak üçin hemme zerur şertler döredilipdir. 

Dördünji gatda ýolagçylar üçin, şeýle hem gäminiň agzalarynyň 17-si we hyzmat edýän işgärleriň 12-si üçin kaýutalar ýerleşdirilipdir. Iň ýokarky gatda dikuçar meýdançasy göz öňüne tutulypdyr. 

Gämini gözden geçirmegiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Horwatiýanyň Premýer-ministri gäminiň 4-nji gatynda ýerleşýän kapitanyň ornuna baryp gördüler. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz gurnalan enjamlar we abzallar, gämini dolandyryş serişdeleri bilen tanyşdy. 

Soňra milli Liderimiz ýolagçylaryň lýuks otaglaryny we iki orunly otaglary, şeýle hem gäminiň agzalarynyň dynç almagy, ýygnak geçirmek üçin otagy synlady. Döwlet Baştutanymyz üçünji gata geçdi we ýol ugrunda kafeni, bary, çagalar otagyny, ýadygärlik üçin sowgatlyk önümleri we azyk harytlary bolan dükany, lukmançylyk merkezini, 100 orunlyk restorany we onuň aşhanasyny, gäminiň agzalary üçin naharhanany, şeýle hem üçünji gatda ýerleşen ýolagçylaryň 170 orunlyk salonyny gözden geçirdi. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti “Berkarar” gämisiniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gäminiň ýük ulaglaryny ýerleşdirmek üçin niýetlenen aşaky gatlarynyň birine baryp gördi. Şol pursatda gämä ýük awtoulaglary girip başlaýar. 

“Berkarar” Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundan Baku portuna (Azerbaýjan Respublikasy), Olýa portuna (Russiýa Federasiýasyna), Enzeli we Amirabad portlaryna (Eýran Yslam Respublikasy) yzygiderli ýolagçy-ýük gatnawlaryny amala aşyrar. 

Şu we beýleki ugurlarda gatnawlaryň amala aşyrylmagy Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogara ýükler daşalanda awtoulaglaryň sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlamaga, haryt dolanyşygynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Ol şeýle hem deňiz ýoly bilen ýolagçy gatnawyny artdyrmaga ýardam eder, goňşy Hazarýaka ýurtlaryndan bolan syýahatçylaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna geljek möçberiniň artmagynyň hasabyna dynç alyş merkezini ösdürmäge täsirini ýetirer. Şonuň üçin parom gatnawlarynda ýokary hilli hyzmatyň edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin örän möhümdir. 

RO-PAХ derejesindäki gämileriň ikinjisi – “Bagtyýar” gämisiniň hem Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň Pula şäherinde ýerleşýän gämi gurluşyk zawodynda gurlup, ony 2015-nji ýylda getirmek meýilleşdirilýär. “Bagtyýar” soňky bäş ýylda Türkmenistana getirilen döwrebap gämileriň on altynjysy bolar. 

Tanyşlyk tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiç birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. 

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe söwda we raýat flotuny ýokary depginler bilen artdyryp, Türkmenistan Hazar deňzinde yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny we ýük daşalyşyny amala aşyrmaga kuwwatly itergi berýär. 

Soňky bäş ýylyň içinde Türkmenistan ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap deňiz gämileriniň 15-sini satyn aldy. 

Şeýlelikde, Hazaryň türkmen kenaryna “Berkarar” gämisi bilen bilelikde, “Bereket”, “Balykçy” we “Garlawaç” gämileri geldi. Olar hem Türkmenistanyň buýurmasy boýunça daşary ýurtlarda guruldy. 

Ýurdumyzyň balykçylyk hojalygynyň ösdürilmegi, oňa balyk awlaýjy täze häzirki zaman görnüşindäki gämileriň yzygiderli satyn alynmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkymyzyň abadançylygnyň ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Bu gämiler Türkmenbaşynyň deňiz menziline Hytaý Halk Respublikasynyň Szaýansu welaýatyndaky “Taý Çžou Kouan” gämi gurluşyk zawodyndan iki ummany geçip geldi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti bilen HHR-iň “Gonkong Riçi Ko.LTD” gonkong firmasy bilen baglaşylan şertnama esasynda guruldy. 

Balyk awlaýan gämileriň üçüsiniň hem umumy görkezijileri, tehniki häsiýetnamlary meňzeşdir. Olaryň uzynlygy 45,5 metre, ini 10,5 we beýikligi 14,5 metre barabardyr. Gämileriň her biriniň ýük göterijiligi 100 tonna bolup, olar deňizde 30 gün töweregi özbaşdak ýüzüşi ýerine ýetirip bilýärler. 

Hormatly Prezidentimiz “Garlawaç” atly ýöriteleşdirilen balyk awlaýan gäminiň ýanyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi hormatly ýaşulular garşyladylar. 

Gäminiň öňündäki meýdançada sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyrylyp, deňizýaka türkmenleriniň gadymy däpleri we dessurlary, şol sanda balyk tutmaga ilkinji ugradylyş bilen baglanyşykly dessurlar janlandyryldy. Soňra eneler ýüzärlik tütedip, gämä un sepmek bilen özboluşly dessury berjaý edýärler. 

Döwlet Baştutanymyz “Garlawaç” gämisine münýär. Hormatly ýaşulular, beýleki myhmanlar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, gäminiň üstüne çykýarlar. 

Döwlet Baştutanymyzy kapitanyň bolýan ýerine geçmäge çagyrýarlar. Ol ýerde gäminiň kapitany milli Liderimizi gäminiň tehniki gurluşy, enjamlaşdyrylyşy, hemra aragatnaşyk ulgamy, balyk we beýlekileri tapmak üçin ýokary duýujylykly enjam bilen içgin tanyşdyrdy. 

Bellenilişi ýaly, “Garlawaç” gämisi edil “Balykçy” gämisi ýaly külke balyklary awlamak üçin ýöriteleşdirilendir. “Bereket” bolsa köpugurly gämi bolmak bilen, beýleki görnüşdäki balyklary awlamaga hem ukyplydyr. Gämileriň hemmesinde tutulan balyklar tehnologik taýdan gaýtadan işleniler. Tutulan balyklar balyk doňduryjy göwrümlere geçirilýär. Doňdurylan balyga harytlyk görnüşini bermek üçin sowuk arassa suwa goýberilip, ylmanylýar. Gämileriň sowadyjy ulgamlarynda sowadyjy bölümleriň dördüsi oturdylyp, olar üç sagadyň dowamynda her biri 10 kilogramdan ybarat bolan doňdurylan balyklar toplumynyň 36-syny taýýarlaýarlar. Munuň özi tutuşlygyna alnanda 360 kilograma barabardyr. Taýýarlanylan toplumlar trýumlardaky tekjelerde basylyp goýulýar. Her trýuma 100 tonna önüm ýerleşýär. 

Her bir balyk doňduryjy gäminiň ulgamlarynyň işini üpjün etmek üçin iki kömekçi hereketlendirijisi we Amerikanyň “Katerpiller” firmasynyň kuwwaty 1250 at güýjüne barabar bolan, sagatda 13 uzel ýa-da 24 kilometrden gowrak tizligi almaga mümkinçilik berýän bir esasy hereketlendirijisi bar. Gämileriň üçüsi-de Ýaponiýanyň “Fruno” kompaniýasyndan iň häzirki zaman nawigasion enjam bilen, şol sanda “INMARSAT-C” durmuş üpjünçiligi terminaly bilen üpjün edilendir. Ekipaž 16-18 adamdan ybarat. Täze gämiler ýüzüşiň we ekologiýanyň ähli häzirki zaman talaplaryna kybap gelýär. Olarda gämileri, balykçylaryň zähmetini ep-esli ýeňilleşdirýän önümçilik enjamlaryny dolandyrmagyň sanly ulgamlary peýdalanylýar. 

Dabaralar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady, şol ýerden Aşgabat şäherine ugur aldy.

Degişli makalalar

Halkara Karantin Merkezi Ulanmaga Berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy

Russiýa Harby Türgenleşik Geçirýär

syrach