22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Daşoguzda gurluşyga beslenýän döwür.

Sebitleri özgertmek milli maksatnamasynyň çäklerinde – täze ilatly nokatlarynyň gurluşygy – Daşoguzda amala aşyrylýan iri göwrümli taslamalaryň arasynda Jumanyýaz Hudaýbergenow geňeşligi hem bar. Täze obanyň gurluşygynyň meýilnamasynda Saglyk öýüniň, iki ýüz orunlyk Medeniýet öýüniň, çagalar bagynyň, orta okuw mekdebiniň, toý-dabaralar geçirilýän merkeziň, söwda öýüniň, hyzmat ediş öýüniň, iki sany dükanyň – azyk we senagat harytlary dükanlarynyň, köp sanly ýaşaýyş kottejleriniň we beýleki durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň gurluşygy görkezilendir. 

Welaýatyň etraplarynyň ählisinde otuz ýylyň dowamynda üzmek şerti bilen berilýän ipoteka karz puly esasynda ýokary amatlyklary bolan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerimler bilen alnyp barylýar. 

Sebitde durmuş ähmiýetli gurluşyklar bilen bir hatarda senagat industriýasy hem ösdürilýär. Şeýlelik-de, Köneürgenç etrabynda kuwwatlylygy 40 müň tonna bolan tohumlyk pagtany gaýtada işlemäge ýöriteleşdirlen pagta arassalaýjy kärhana we pagta egirji fabrik gurular. Görogly etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasynda bolsa, täze önümçilik bölümi gurular. Ýakyn wagtda Görogly etrabynda önümçilik kuwwaty ýylda 50 müň tonna un öndürýän 50 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatorly çörek önümleri kärhanasy ulanylmaga beriler. 

Ýakyn ýyllarda ýurduň demirgazyk sebtinde täze önümçilik desgalary gurular hem-de ozalky işleýän onlarça kärhanalaryň durky täzeleniler. Bu bolsa welaýatyň ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna aşertleri döreder. Oba senagat toplumyny ösdürmek bilen bagly uly meýilnamalar düzüldi. Täze maldarçylyk toplumlarynyň, et-sýüt fermalarynyň gurulmagy bolsa azyk bolçulygyny emele getirmäge şertleri döreder.

Degişli makalalar

Uly özgerişlikleriň badalgasy.

syrach

Foruma Gatnaşyjylara Söz Berýäris

turkmenhabargullugy

Tagamy Taýsyz Gawunlar