14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Nebit Gymmatlaýar

OPEC-iň gurama gatnaşyjy döwletler tarapyndan nebitiň çykarylyşyny çäklendirmekligi hakyndan maglumatyndan soňra 18-nji ýanwarda nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar.

Moskwa wagty bilen 13:26-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,98 göterim ýokarlanyp, 61,77 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,25 göterim gymmatlap, 52,72 amerikan dollaryna barabar boldy.

Anna güni söwda gatnaşyjylar OPEC-iň aýlyk hasabatynyň maglumatlaryndan peýdalandylar. Bu hasabat çig malyň teklibiniň aşa köp bolmagy dogrusyndaky howatyrlanmany pese düşürmäge ýardam etdi. Guramanyň maglumatlaryna görä, dekabr aýynda OPEC nebitiň çykarylyşyny oktýabrdaky derejesine — günde 780 müň barrele çenli aşakladyp, 31,578 mln barrel boldy. Hususan-da, Saud Arabystanynda dekabr aýynda nebitiň çykarylyşy oktýabrdaky bilen deňeşdirilende günde 84 müň barrel azalyp, günde 10,553 mln barrele ýetdi, diýip «Praým» habar berýär.

«OPEC-iň hasabatlarynyň ýakynda geljekde nebitiň bahalarynyň ösmegine getirjek bazaryň depginini goldamagynyň mümkindigine garamazdan, biz ABŞ-da slanesli nebitiň çykarylyşynyň ösmegi we ykdysadyýetiniň gowşamagy netijesinde has uzak geljek üçin seresaply garaýyşlarda saklanýarys» – diýip Phillip Futures-iň çig mal analitigi Benjamin Lu Reýter agentligine aýtdy.

Mundan başga-da, «Wall Street Journal» gazetinde neşir edilen habar hem maýadarlaryň pikirine belli bir derejede täsir edýär. Habarda bellenilişi ýaly, amerikan hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri hytaý harytlaryna salgydyň salynmagynyň aýrylmak mümkinçiligi hakynda gepleşikleri alyp barýarlar. Şu nukdaýnazardan, iki döwletiň arasyndaky söwda gapma-garşylygynyň tiz çözülmegine bolan ynam artýar.

oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Seýdiniň Nebti Gaýtadan Işleýän Zawody Ýyllyk Tabşyrygy Artygy Bilen Ýerine Ýetirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach