15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasynyň Prezidentine Ynanç Hatlaryny Gowşurmagy

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Rodrigo Roa Duterte Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gelip gowşan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyna parahatçylyk we ösüş baradaky özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady.

mfa.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda halkara maýa goýum maslahaty geçirilýär.

syrach

Sport Tansy Milli Mekdebiniň Wekilleriniň Çykyşy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Saýlanan Prezidentiniň Resmi Taýdan Işe Girişmek Dabarasy Mynasybetli Dabaraly Harby Ýörüş Kabul Etdi