29.9 C
Aşkabat
17.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz karara gol çekdi.

Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow birnäçe täze permana gol çekdi. Hususan-da, bu permanlardan biri Orsýetiň Astrahan şäherinde Türkmenistanyň ýörite konsullygyny açmak baradaky perman boldy.

Berdimuhamedow bu barada eden çykyşynda daşary işler ministri Raşit Meredowa Ýaponiýada we Malaýziýada Türkmenistanyň ilçihanasyny, Germaniýanyň Frankfurt şäherinde bolsa Türkmenistanyň konsullygyny açmak baradaky meseleleri öwrenmeklige-de görkezme berdi.

Anna günki hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynda täze nahallary oturtmak barada-da ýörite karara gol çekdi.

Bu karar esasynda degişli ministrlikler hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi Änew we Baharly şäherleriniň aralygynda 1.5 million agaç nahalyny oturtmaklyga borçlandyryldy.

Mundan daşary, ol ýurduň ähli beýleki welaýatlarynda-da 1.5 million agaç we üzüm nahallarynyň oturdylmagyna görkezme berdi.

referans: www.azathabar.com 

Degişli makalalar

Türkmenistanda Polşayň Ilçisi Işe Başlady

syrach

Bagtyýarlyk Döwrüniň Şuglasy Ýolumyza Ýagty Salýar

syrach

Tiz Wagtdan Kiçi we Alysdaky Obalaryň Ilatyna Ykjam Aragatnaşyk Hem-de Internet Elýeterli Bolar