01.12.2025
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty Stambulda geçirilýär.

Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty ilkinji gezek Stambulda geçirilýär.
Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň syýasy gatnaşyklaryň güýçlenmegine itergi berjekdigine ünsi çekdi.
Jewdet Ýylmaz täze höweslendiriş ulgamy çäginde türk maýadarlary üçin dörediljek ýeňillikleriň türkmenistanly maýadarlar üçin hem dörediljekdigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Abdulla Gülüň hemaýatkärliginde geçirilýän Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahatyna dürli ýurtlaryň maýadarlary hem gatnaşýar.

Maslahatda Türkiýä Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz, Türkmenistana bolsa Maliýe ministri Döwletgeldi Sadykow wekilçilik edýär.
İki ministr maslahatyň öňüsyrasynda özara duşuşyk geçirdi.
İşewür adamlaryna ýüzlenen Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokarlaýandygyny aýtdy.
Jewdet Ýylmaz türkmenistanly maýadarlaryň täze höweslendiriş ulgamy çäginde türk maýadarlary bilen şol bir mümkinçilige eýe boljakdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty iki gün dowam eder.

Degişli makalalar

TOPH Owganystana Energiýa Ýetmezçiligini Aradan Aýyrmaga Ýardam Eder we Senagatymyzy Dikelder

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Forumy Ýurdumyzyň Işewürler-Jemgyýetçiliginiň Täze Tekliplerini Öňe Ilerletmek Üçin Meýdança Öwrüldi

Ýurdumyzyň Telekeçilik Birleşmesiniň Wekilleri Oba Hojalyk Ekinleriniň Eksportuny Artdyrýarlar