04.05.2024
YLYM

Döwlet etalon merkezi açylýar.

Döwlet baştutany 2013-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda ulanylmaga rugsat berilen Ululyklaryň birliklerini sanawyny tassyklady. „Türkmenistanyň standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde şu Döwlet etalon merkezini açmak bellenildi. 

Ölçegler we agramlar boýynça halkara Baş maslahatynyň kararyna laýyklykda, esasan ýedi sany – uzynlyk, agram, wagt, elektrik togunyň güýji, termodinamiki temperatura, maddalaryň möçberi, şöhläniň güýji ýaly, ölçeg birlikleri hyzmat edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen „Türlmenstandartlaryna” Türkmenistanda ulanylmaga rugsat bermek üçin Ululyklaryň birlikleriniň halkara ulgamyna girmeýän ululyklaryň birlikleriniň sanawyny tassyklamak tabşyryldy. 

„Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy Döwlet etalon merkezini döretmek boýunça işleri alyp barýar. Bu merkeziň esasy wezipesi ululyklaryň birliklerini döredýän döwlet etalonlaryny goramak we saklamak şertlerini üpjün etmek, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman derňew barlaghanalaryny döretmek bolup durýar. Döwlet etalon merkezi tehnikaknyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylar we üpjün ediler. Bu bolsa etalon merkeziniň halkara kadalaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany almaga şert döreder. 

Ölçeg birliklerini üpjün etmegiň döwlet ulgamy hakyky bäsdeşligi, innowasiýalary, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, raýatlaryň durmuşynyň howsuzlyk derjesini, saglygyny we emlägini ýokarlandyrmaga, sarp edijileriň bähbitlerini, daşky gurşawy we serişdeleri tygşytlamagy goramagy üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanda ölçeg birlikleriniň hukuk esaslaryny öpjün etmäge 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen „Ölçegleriň birliklerini üpjün etmek hakynda” Kanun kesgitleýär. Güýjüni ýitiren 1993-nji ýylda kabul edilen kanun bilen deňeşdirilende täze kanunyň ölçeg serişdelerini we standart nusgalary synag we metrologiki attestasiýa etmek boýunça maddasy giňeldildi. Döwlet gözegçiligi we ölçeg serişdelerine gözegçilik maddasynda metrologiki gözegçiligiň we barlagyň görnüşleri kesgitlendi, harytlaryň möçberlerine döwlet metrologiki gözegçilik işi giňeldildi. 

Ölçeg serişdeleriniň täze neslini barlamak we kalibrini ölçemek we ölçegleri geçirmegiň täze usullary üçin metrologiki gözegçiligini we maddalaryň we materiallaryň nusgalaraynyň standartlaşdyrmagyna gözegçilini amala aşyrmak üçin kanuna maddalar girizildi. Metrologiki gözegçiligi we barlagy ýaýbaňlandyrmak ulgamynda daşky gurşawyň ýagdaýynyň monitoringi boýunça işler göz öňünde tutulandyr. 

Türkmenistanyň standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda halkara, sebitleýin, döwletara we milli standartlary öz içine alýan milli gaznanyň döredilmegi göz öňpünde tutulýar. Maksatnamanyň amala aşyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ulanylýan ölçegleriň bütewi ulgamyny üpjün eder, harytalryň hiline we howpsuzlygyna barlag geçirmegiň täze derejesini hil taýdan ýokary galdyrmaga, işleriň we hyzmatlaryň halkara ölçeglerine laýyk gelmegine şertleri döreder.

Degişli makalalar

Üstünlik

turkmenhabargullugy

Mähriban Ýaşlar!

syrach

HYY we ÖU-niň Talyplary Robot Tehnikasy Boýunça Abraýly Halkara Bäsleşiginde Ýeňiş Gazandylar

turkmenhabargullugy