04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Döwletjan Ýagşymyradov Samboçylarymyz Bilen Duşuşdy

7-nji aprelda Olimpiýa şäherçesinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralara ACB (Absolute Championship Berkut) çempiony we Absolute Championship Akhmat (ACA) turniriniň çempiony bolan garyşyk başa-baş söweş boýunça dünýäniň iki gezek çempiony, ýarym agyrlyk derejede çykyş edýän Türkmenistanyň ilkinji wekili Döwletjan Ýagşymyradow hem gatnaşdy. Ol dünýä derejesinde geçirilen ýaryşlarda ýokary baýraklara mynasyp bolan samboçylarymyz bilen duşuşdy.

Döwletjan ýokary derejeli sportda 2012-nji ýyldan başlap, özüni synap başlady. Şol döwre çenli ol karate boýunça Türkmenistanyň 24 ýaşly çempiony we fri-faýt hem-de greppling boýunça Harkow oblastynyň çempiony derejesine mynasyp boldy.

D.Ýagşymyradow 2016-njy ýylda ACB (Absolute Championship Berkut) bilen şertnama baglaşdy we 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen türgeni ACB-nyň çempiony boldy. Ol bu ýeňşi russiýaly Batraz Agnaýewden üstün çykyp gazandy. 2019-njy ýylyň fewral aýynda bolsa ol ACA-nyň birleşdirilen turniriniň ilkinji çempiony diýen derejäni eýeledi. Şonda ol polşaly Karol Selinskiden 4-nji raundda üstün çykdy.

Kaşaň stadionlarda D.Ýagşymyradow ýeňijiniň münberine hemişe türkmen Baýdagy bilen çykdy we Watanyna bolan buýsanjyny mälim etdi. Ýakynda ol Warşawada geçirilen bäsleşikde ACA-nyň çempiony bolanynda hem türkmen Baýdagyny ýanyndan goýmady. Şonda ol ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize we goldandyklary üçin bolsa ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu wakany göni ýaýlyma çykýan köp ýurtlaryň synçylary aýratyn bellediler we D.Ýagşymyradowy watansöýüji türgen hökmünde atlandyrdylar.

milligosun.gov.tm

Degişli makalalar

Londonda Türkmenistanyň Bitaraplygy Semineri we FotoSurat Sergisi Boldy

syrach

Palwan Muhyýew

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara Gol Çekdi