18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Gyzylgaýada Demir Magdanlary Ýüze Çykaryldy

5-nji aprelda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew dag metallurgiýa önümçiligini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ylmy-barlag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Çagyl ýatagynyň Gyzylgaýa — V meýdançasynda demir magdanlarynyň ýüze çykarylandygyny belledi.

Häzirki wagtda bu çig malda sement öndürmek üçin degişli goşundylaryň bardygy tassyklanyldy hem-de eýýäm sement öndürýän zawodlarda giňden ulanylyp başlanyldy.

Geologiýa-gözleg işleriniň barşynda demir magdanynyň 70 — 75 million tonna möçberindäki gorlary ýüze çykaryldy. Demir magdanynyň düzüminde demriň mukdary 20 göterime deňdir. Şunuň bilen baglylykda, Çagyl ýatagynda alnan demir magdanynyň tehnologik synag işlerini kärhanalarda geçirmek meýilleşdirilýär.

milligosun.gov.tm

Degişli makalalar

TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion Toparyň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

Täjigistanly Mekdep Okuwçylary Awazada Dynç Aldylar

syrach