20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen-Ysraýyl Özara Gatnaşyklarynyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmen-Ysraýyl Özara Gatnaşyklarynyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ishak Karmel Kagan bilen duşuşyk geçirdi we türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ilkinji nobatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklaryň ulgamlaýyn esasy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň geçen ýylyň maý aýynda Ysraýyl Döwletine bolan saparyny bellediler we şu ýylyň dowamynda daşary işler ministrilkleriň arasynda işjeň gatnaşyklary dowam etmek meýillerini beýan etdiler.

Şeýle hem iki döwletde bilelikdäki söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesini gurnamak we geçirmek bilen bagly meselelerine garaldy.

Degişli makalalar

Hytaý 2017-nji Ýylda ABŞ-dan 1,97 mln Tonna Nebit Import Etdi

BILDIRIŞ

syrach

Täze Dostluk Howa Ýollary

turkmenhabargullugy