34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Watan Goragy-Mukaddes Borç

Watan bilen bagly ähli düşünjeleriň sarpalanyşy ýaly, Watan goragy hem mukaddesdir. Ähli döwürlerde-de ata Watany, ene topragy goramak her bir ynsanyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky borç hasaplanypdyr. Biziň günlerimizde hem bu gymmatlyk özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ata-babalarymyzyň pentlerine eýermek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Watan goragçylary ýurdumyzyň asudalygyny goramak işinde hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alýarlar.

Bag­ty­ýar­lyk döw­rümizde hor­mat­ly Pre­zi­denti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­ni her ýy­lyň 27­-nji ýanwa­ryn­da uly ru­hu­be­lent­lik­de bel­le­nip ge­çil­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ýö­red­ýän döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­ri­niň bi­te­wü­li­gi­ni, serhetle­ri­miziň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün ed­ýän eder­men har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň yg­ty­bar­ly go­ragy­ny öz­le­ri­ne be­lent mertebe saý­ýar­lar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri ata Watanymyzyň asudalygyny üpjün etmekde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kä­mil­le­şen, ýo­ka­ry sö­weş­jeň taý­ýar­lyk­ly go­ra­nyş hä­si­ýet­li Mil­li Go­şu­na öw­rüldi. Döw­le­ti­mi­ziň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­rina­sy dün­ýä­niň iň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let diýlip yk­rar edil­me­gi bi­len berk baglan­yşyk­ly­dyr.

Hal­ky­my­zyň ta­ry­hyn­da öç­me­jek yz gal­dy­ran gah­ry­man pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­sö­ýü­ji­lik, gaýduwsyz­lyk, yn­san­per­wer­lik we dost-­do­gan­lyk ýö­rel­gele­ri­ni har­by däp­le­ri­ne or­naş­dy­ran Milli Go­şu­ny­myz bu gün­ki gün eziz Wa­ta­ny­my­zyň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň gu­wan­jy­dyr. Durmu­şa ge­çi­ril­ýän harby öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy mak­sat edin­ýän Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň har­by sun­ga­ty hem-de har­by gul­luk­çy­la­ryň har­by hü­när başarny­gy we sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy has­-da kä­mil­leş­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär», «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin dogul­ýar» at­ly ki­tap­la­ry ösüp gel­ýän ýaş nes­illeri mer­da­na­lyk, wa­tan­çy­lyk ru­hun­da terbiýeleme­giň, wepaly, edermen, gaýduwsyz Watan goragçylaryny ösdürip ýetişdirmegiň   gym­mat­ly gollan­ma­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Wa­tan goragy türk­men hal­kyn­da iň ýo­kary mu­kad­des­lik bol­mak bi­len, ony go­ra­mak her bir türk­men ýi­gi­di­niň mu­kad­des bor­jy, per­zent­lik par­zy ha­saplan­ýar. Bu ýol-ýö­rel­ge asyr­laryň jüm­mü­şin­den göz­baş alyp, ata­la­ry­my­zyň yh­la­sy bi­len biziň şu gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýe­ten mu­kad­des­lik­dir. Türkmen hal­ky­nyň ta­ry­pa my­na­syp şan­ly ta­ry­hyn­da Wa­ta­ny go­ran ger­çek­le­riň, gaý­duw­syz pe­derle­ri­mi­ziň aý­ra­tyn orun­la­ry bar­dyr. Şol eder­men ger­çek­leriň do­wa­ma­ty bo­lan mert­li­giň mek­de­bi ha­sap­lan­ýan mil­li goşu­ny­my­zyň gaý­rat­ly we edermen Watan goragçylary bi­ziň buý­san­jymy­zy go­şa­lan­dyr­ýar.

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda döredilenine 28 ýyl dolýan Milli Goşunymyzyň hataryndaky edermen Watan goragçylarynyň güni uly dabara, toý-baýrama beslenýär. Be senä bagyşlanyp, her ýyl Watan goragynda tapawutlanan göreldeli harby gullukçylara harby atlar dakylýar, hormat hatlary we sylaglar gowşurylýar. Bu işleriň aňyrsynda ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny hem-­de asu­da­ly­gy­ny sak­la­mak­da, raýatlarymy­zyň bag­ty­ýar durmuş­da ýa­şa­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­run­da uly tagallalary ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň atalyk aladalary bar.

Parahatçylygyň we ösüşiň bütindünýäde dabaralanmagy ugrunda umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il­-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

çeşme: migration.gov.tm

Degişli makalalar

WTL Türkmenistanda Ekologiýa Gurşawyny Goramak Nukdaýnazaryndan Iş Alyp Barýar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Gümrük Gullugyna Ýükleriň Örän Düýpli Barlanylmagyny Tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär, Ahal Welaýatynyň Baş Ykdysadyýet we Ösüş Müdirliginiň Başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň Maksatnamasy