29.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ilçisi GFR-nyň Prezidentine Ynanç Hatlaryny Gowşurdy

Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.

Federal Prezident Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan beýan edilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine iň ýakymly sözleri we dostlukly salamyny ýetirmegi sorady, Türkmenistanyň tutuş halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Çeşme: mfa.gov.tm

Degişli makalalar

Oba Hojalyk Gurallarynyň 100-den Gowrak Görnüşi Öndürilýär

Gazçylar Daşoguz Şypahanasynda Saglygyny Berkidýärler

Guşakly Göreş, 3×3 Basketbol we Bilýard Boýunça Ýaryşlara Badalga Berler