41.5 C
Aşkabat
24.07.2021
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji Sessiýasy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji Sessiýasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň işiniň başlamagy bilen, parahatçylyga we durnuklylyga, Türkmenistan tarapyndan durnukly ösüşiň hatyrasyna maksatlary durmuşa geçirmek boýunça öňdebaryjy başlangyçlaryň ençemesi öňe sürüldi.

Öňdebaryjy türkmen maksatlarynyň biri bolup ynsanperwer ugry çykyş edýär. Türkmenistan sosial ösüşiniň gidişini ynamly ösdürip, BMG-niň esasy halkara Konwensiýalaryndan we beýleki köptaraplaýyn namalaryndan gelip çykýan adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça köpmeýilli işi dowam edýär we ynsanperwer ugrundaky amaly hereketleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

Şu ýylyň oktýabrynda Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasynyň hökümet derejesinde kabul edilmegi BMG-niň ýokary münberinden yglan edilen başlangyçlaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

 

Türkmenistanda adam jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy diýip konstitusion esasda yglan edildi. Ýurt ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan maýyplygy bolan adamlaryň zähmet meşgullygy meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminama saglygynyň çäkli mümkinçilikleri bolan şahsyýetleriň zähmet-sosial dikeldilmegine, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu Meýilnamada maýyplygy bolan adamlaryň saglygy goraýyş, bilim, sosial üpjünçilik, telekeçilik we ş.m. çygyrlardaky hukuklaryny üpjün etmek boýunça maksatlar berkidilen. Milli maksatlaryň esasynda Türkmenistanda bu resminamany ýerine ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunlukda Türkmenistan adam hukuklary ulgamynda halkara borçlanmalaryny hökmany suratda berjaý etmäge ygrarlylygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Degişli makalalar

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotosuratlary 2

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy