16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

OPEK Türkmenistanda Hususy Ulgamy Goldamak Üçin ABŞ-nyň 10 Million Dollary Möçberinde Maýa Goýum Goýar

20-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlete dahylsyz ulgamy goldamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, abraýly ykdysady düzümler, şol sanda OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bu gurama bilen gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şol maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 million dollar möçberindäki maýa goýumlary goýlar. Bu serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmegi Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürläp, bu ugurda geçirilýän işleriň çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Degişli makalalar

Pissäniň Tejribe Nusgalary Botanika Bagynyň Alymlaryny Ýokary Hasyllylygy Bilen Begendirdi

Türkmenistan Fotosuratlary 14

Aýgytly Ädim