15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Köýtendagyň buýra paporotnikleri.

Köýtendagyň ösümlik dünýäsi juda baýlygy bilen tapawutlanýar. Köýtendagda başga hiç ýerde gabat gelmeýän seýrek duş gelýän endemiki ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi jemlenendir. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň botanika institutynyň ýaz-güýz möwsüminde gurnaýan ylmy ekspedisiýalaryň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyz üçin seýrek bolan çyglylygy gowy görýän paporotnigiň birnäçe görnüşleri tapyldy. 

Olaryň biri orlýakow kraýekuçnigi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Bu görnüşiň sanynyň iki-ýeke bolany üçin ol hökmany ýagdaýda goraga mätäçdir. Bu ösümligiň görnüşleri Bäşbulakdepe deresiniň gaýaralrynyň jaýryklaryndan tapyldy. 

Paporotnigiň ýene bir görnüşi- Puzyrnik lomkiý. Oňa gabat gelmek kyn hem bolsa, ol ýaýrawynyň ep-esliligi bilen tapawutlanýar. Ol esasan hem dag gerişlerinde çeşmeleriň, ýa-da wagtlaýyn suwlaryň bar bolan daglaryň ýokarky we orta guşaklarynda ýaýrandyr. Bu görnüşiň az sany Umbardepe deresinde tapyldy. 

Has owadan adiantum wenerin paporotnigi has köp ýaýran we çeşmeleriň ýanynda ösüp, ýaşyl haly ýazylana meňzeýär. Bu görnüş ýura döwletiniň ösümligi bolup, gadymy döwürden galan ösümligiň birisir. 

Ýaşyl kostes Hojapil kanýonlarynda ilkinji gezek gabat geldi. Ençeme ýyllar dowam eden botaniki gözlegleriň netijesinde Daraýderäniň barmasy kyn bolan ýerlerinde, kert gaýalaryň ortaça belentliklerinde bu paporotnigiň ösýän ýerleri tapyldy. Bu deräni alymlar “botaniki dere” diýip atlandyrýarlar.

Degişli makalalar

Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi.

syrach

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Türkmen Topragynyň Gülläp Ösýän Zamanasy

syrach