15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi.

 Lebap welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň düýbüni tutmagyň dabarasy boldy. Sebitiň, geljekde bolsa halkara ulag düzüminiň bir bölegine öwrüljek täze polat ýolunyň gurluşygynyň başlanmagyny alamatlandyrýan dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de biziň ýurdumyza iş saparlary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, bu demir ýoly gurmagyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama şu ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda bolan ýokary derejedäki üç taraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça gol çekildi. Şol wakadan iki ýarym aý geçenden soň türkmen topragynda täze demir ýol geçelgesini gurmak boýunça işlere badalga berildi. Täze demir ýol üç ýurduň we halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Elbetde, bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen üç döwletiň üstaşyr-ulag kuwwatyny netijeli amala aşyrmak, olaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagy üçin täze mümkinçilikler dörediler. 

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezine—Türkmenabat şäherine geldi. Onuň howa menzilinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, hormatly ýaşulular, din wekilleri mähirli garşyladylar. 

Birnäçe wagtdan Türkmenabat şäheriniň howa menziline Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmonyň uçary gonýar. Bu ýerde öz täjik kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşýarlar.

Ýene-de birnäçe wagtdan Türkmenabat şäheriniň howa menziline Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň uçary gelip gonýar. Howa menzilinde belent mertebeli owgan myhmanyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. 

Soňra Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki üç taraplaýyn duşuşygy boldy. Üç goňşy döwleti özara birleşdirjek demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagyny alamatlandyrýan şu günki wakanyň ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň Liderleri bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitde, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynda ulag ulgamyny ösdürmäge, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam eder diýip bellediler. 

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde dikuçarlara münüp, Atamyrat şäherine-täze polat ýolunyň düýbüniň tutulýan ýerine ugradylar. 

Bu ýerde Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Respublikasynyň baştutanlary geljek nesillere niýetlenen ýazga gol çekýärler, ony guta salyp we ilkinji betony desganyň düýbüne guýup, täze gurluşyga badalga berýärler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Türkmen Seçgiçileri Gowaçanyň Yssa we Gurak Howa Durnukly Görnüşlerini Oýlap Tapmagyň Üstünde Işleýärler

TOPH we Transhazar Gaz Geçirijileriniň Taslamalary

turkmenhabargullugy