11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

BAE-den Marsa Ylmy Syýahat

Birleşen Arap Emirlikleri, howanyň üýtgemegini öwrenmek üçin tomusda “Umyt” atly zonduny Mars planetasyna iberer. Alymlaryň pikirine görä, Mars planetasyndaky täsir eden üýtgeşmeleri öwrenmek, Ýer ýüzündäki we howa hadysalarynyň umumy keşbine düşünmek üçin möhümdir.

– BAE-niň iberjek zondy bir ýylyň dowamynda Mars planetasyndan maglumat jemlär. Bu planetadaky üýtgeşikleri yzygiderli öwreneris. Bir döwür geler, adamlar hem Marsa gidip başlarlar. Şonuň üçin öňünden maglumat edinmek zerurdyr – diýip, BAE-iň ösen ylymlar boýunça ministri Sarah Al-Amiri beýanat berdi.

Kosmos ylmy-barlag ekspedisiýasyna ylmy laboratoriýa iberiler. “Umyt” zondy sanly kamera bilen üpjün ediler. Ol hem reňkli suratlary almaga mümkinçilik berer.

Bu zondy Mars planetasyna 14-nji iýul-3-nji awgust aralygynda ýapon raketa göterijisi arkaly ibermek göz öňünde tutulýar. Alymlaryň bellemegine görä, hut şu wagtda planetalaryň we kosmiki jisimleriň ýerleşişi enjamyň ýedi aýyň içinde Gyzyl Planeta erkin baryp ýetmegine mümkinçilik döreder.

Zonduň synagy tamamlanyp barýar, ol maý aýynda Ýaponiýa iberler.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Garlygyň Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Ilkinji Önümlerini Içerki we Daşarky Sarp Edijilere Ugratdy

Köpetdagyň Eteginde Döwrebap Bejeriş-Sagaldyş Toplumy Bina Edilýär

Dohadaky Gepleşikler Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Giňeltmäge Bolan Meýillerini Berkitdi