26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana Döwlet Sapary Bilen Gelýär

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana Döwlet Sapary Bilen Gelýär

6-njy martda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär. Paýtagtymyzda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler däp bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.

Özbegistanyň täze Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny hut Türkmenistana amala aşyrýandygy, özi-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanan pursadyndan soň, ilkinji belent mertebeli myhman hökmünde gelmegi netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we hemmetaraplaýyn giňeltmäge iki ýurduň özara gyzyklanýandygynyň iň oňat subutnamasydyr. Döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlyklary bolsa hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, açyklyk, özara hormat goýmak hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň örän wajypdygyna düşünişilmegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Iki goňşy döwletiň Liderleri soňky wagtda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ähli amatly şertleriň bardygyny ençeme gezek bellediler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-özbek topary bilelikdäki meýilnamalaryň üstünlikli öňe ilerlemegine täsir edýär. Şol toparyň on üçünji mejlisi şy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2013-2017-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda şertnamany yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde iki döwletiň hojalygy dolandyryş edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklara hemmetaraplaýyn goldaw berýär, olaryň yzygiderli geçirilýän sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmagyna ýardam berýär.

Üstünlikli ýerine ýetirilen taslamalar, hususan-da, sebitde özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga täze gözýetimleri açan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi hem-de durmuşa geçirilmegi maksat edinilýän taslamalar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetine şaýatlyk edýär.

Özbegistan Türkmenistanyň örän uly ähmiýetli başlangyçlaryny, şol sanda häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmek hem-de täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlaryny işjeň hem goldaýar. Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurt “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) halkara geçelgesini döretmäge örän işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar döwletleriniň arasynda diňe bir söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermän, eýsem, sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň anyk ýagdaýlarynyň birine öwrüler. Häzirki zaman ýagdaýlar babatda iki ýurduň ulag ulgamynda geljegi uly beýleki taslamalary, şol sanda Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň Gara deňiz portlaryna çykalgany üpjün etjek Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz geçelgesini döretmek taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem özara hereket etmek üçin oňaýly şertler bar.

Fewral aýynyň başynda Özbegistan Respublikasynyň iri sebitleriniň ikisiniň—Buhara we Horezm welaýatlarynyň wekiliýetleri ýurdumyzda iş sapary bilen boldy. Olar Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň öňdebaryjy senagat kärhanalaryna hem-de medeniýet ulgamynyň edaralaryna baryp gördüler. Myhmanlara Türkmenistanyň bu welaýatlarynda bolup geçýän uly möçberli özgertmeleri gözleri bilen görmäge mümkinçilik döredildi. Ajaýyp täze gurluşyklar, amatly ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman durmuş desgalary şol özgertmeleriň aýdyň subutnamalarydyr.

Geçen aýda Aşgabatda Uz-Daewoo kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly Ravon awtomobilleriniň tanyşdyryşy boldy. Bu çäre “UzAwtoSanoat” paýdarlar kompaniýasy hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistan” döwlet söwda merkezi bilen bilelikdäki döredilen “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy. Özbek öndürijileri üçin türkmen bazarynyň özüne çekijidigi bellärliklidir–“Jeneral Motors Uzbekistan” («GM Uzbekistan») paýdarlar jemgyýetiniň wekili bolan “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýeti işiniň 10 ýylynyň dowamynda bu ýerde Chevrolet we Uz-Daewoo kysymly awtomobilleriň iki müňe golaýyny satdy. Belent mertebeli myhmanyň Türkmenistana saparynyň öň ýanynda bolsa “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýetiniň binýadynda özbek oba hojalyk tehnikalaryny öndüriji bolan “Uzagrotehsanoatholdingiň” tehniki merkezi açyldy. Geljekde hyzmatdaşlarymyz Aşgabatda iri Söwda-hyzmat ediş merkezini gurmagy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda şahamçalaryny açmagy maksat edinýär.

Iki doganlyk döwleti taryhy gatnaşyklar, türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy baglanyşdyrýar. Yzygiderli geçirilýän uly möçberli döredijilik çäreleri
şol gatnaşyklaryň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Geçen ýylyň noýabrynda Özbegistanda üstünlik bilen geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri munuň mysalydyr.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwletara gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga bolan gyzyklanmalary Aşgabat duşuşygynyň uly kuwwata eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň täze tapgyry üçin başlangyja öwrüljekdigine ynam döredýär. Aşgabat duşuşygynyň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Üstünligiň Syry

Ramazan Durdyýew, Meretdurdy Gurbanow we Jumanazar Annaýew Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy

turkmenhabargullugy