21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SPORT

“Ýuwentus” Wagtyndan Öň Çempion Edilip Bilner

27-nji martda Italiýada futbol boýunça milli çempionaty dowam etdirilmedik halatynda hem çempion yglan edilip bilner. Bu barada Italiýanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Gabriel Grawina habar berdi.

Häzirki wagtda Italiýanyň “Seria A” futbol çempionatynda 26 tapgyr geçirildi. Soňra dünýädäki ýiti respirator keseli zerarly futbol duşuşyklary yza süýşürildi. Şu wagt “Ýuwentus” topary milli çempionatda öňde barýar. Ikinji orny bolsa ”Lasio” topary eýeleýär. Çempionatyň duşuşyklary oýnalman galan halatynda hem çempion belli ediler.

– Möwsümi gutaryp bilmesek, futbol meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlarynyň netijesini kesgitlemek isleýäris – diýip, Grawininiň çykyşyny “Football Italia” neşiri beýan edýär.

“Ýuwentusyň” 26 tapgyrdan soň 63 baly bar. Ikinji orundaky “Lasionyň” baly bolsa 62-ä deňdir.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmen paýtagtynda guşakly göreş.

syrach

10-14-nji Martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet Günleri Geçiriler

turkmenhabargullugy

Tahyr Ataýewiň Orkestri Rok Sazlaryny Ýerine Ýetirdi