21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Bir Toparda, Bir Çempionatda 20 Pökgi

«Altyn asyryň» hüjümçisi Mihail Titow Türkmenistanyň çempionatynda «aragatnaşykçylaryň» düzüminde geçiren pökgüleriniň sanyny 20-ä tegeledi. Mälim bolşy ýaly, ol şu möwsümde geçirilen resmi duşuşyklardaky ilkinji goluny 1-nji tapgyryň soňa süýşürilen duşuşygynda «Merwiň» derwezesine geçirdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň hataryna 2017-nji ýylda goşulan hüjümçi şol möwsümde Ýokary ligada 6 gezek tapawutlanmagy başarypdy. Hüjümçiniň 2018-nji ýyldaky netijesi bolsa biraz pese gaçdy. Ol şol möwsümde 5 gezek tapawutlandy.

22 ýaşly hüjümçi geçen ýyl 8 gezek tapawutlanyp, möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň ilkinji onlugyna girdi. Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, ol «Altyn Asyryň» düzüminde Ýokary ligadaky 20-nji pökgüsini 20-nji martda «Merwiň» derwezesine geçirdi.

Mihail Titowyň «aragatnaşykçylaryň» düzüminde Türkmenistanyň kubogynda 2, AFK-nyň kubogynda 1 goly bar.

Umuman, «Ahal», «Nebitçi» ýaly toparlarda hem çykyş eden hüjümçi Ýokary ligadaky ähli gollarynyň sanyny 34-e çykardy. Ol bu netijesi bilen çempionatda 2012-nji ýyldan bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň arasynda ilkinji 30-lyga girýär.

Şeýle hem, «aragatnaşykçylaryň» düzüminde çempionatda 20-nji goluny geçiren hüjümçiniň bu topar bilen 2013-nji ýyldan bäri tapawutlanyp gelýän futbolçylaryň arasynda 7-nji orny eýeleýändigini aýtmak gerek. Sanawyň 8-nji basgançagynda häzir karýerasyny «Ahalda» dowam etdirýän Guwanç Abylow bar. Ol «Altyn Аsyrda» çykyş eden ýyllarynda çempionatda 23 gezek tapawutlanypdy.

Agageldi ITALMAZOW, sport syncysy.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Oguz Hanyň Tagmalary Tapyldy

Aşgabadyň Olimpiýa Şäherjigi: Açyk Gapylar Güni 31.01.2017 Wideo

turkmenhabargullugy

Türkiýede Bilim Almak Üçin Resminamalaryň Terjime Hyzmat

turkmenhabargullugy