25.9 C
Aşkabat
02.08.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

HHR-iň žurnalistleriniň wekiliýetiniň sapary.

Türkmenistana bolmak bilen, hytaý wekiliýetiniň agzalary Daşary işler ministrliginde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrliginde, Awtomobil ulaglary ministrliginde, Demirýol ulaglary ministrliginde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogeplikşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynda kabul edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlara ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup çykyş edýän giň halkara hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi.

Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistana gelen wagtynda türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky üstünlikler we gazanylanlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Wekiliýetiň agazalary, şeýle hem Hazaryň ekologik taýdan arasa kenarynda döredilýän deňiz dynç alşy boýunça taslama üstünlikli durmuşa geçirilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördüler, şonuň ýaly-da Lebap welaýatynda ýerleşen “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäklerde bilelikde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. 

Degişli makalalar

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Ilçisi Özüniň Ynanç Hatynyň Nusgalaryny Gowşurdy

Türkmen-Hindi Syýasy geňeşmeleri Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Jumanazar Annaýew Ahal Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy