26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedow informatizasiýa akademiýasynyň

“Oguzhan” Köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş maslahat beriş edarasy derejesine eýe bolan Halkara informatizasiýa akademiýasynyň wise-prezidenti Alekseý Tihomirowy kabul etdi.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýüzbe-ýüz duşuşmak mümkinçiligine hoşallyk bildirip, abraýly halkara guramasynyň wekili ýurduň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşine gönükdirilen, türkmen halkynyň bähbitlerine, onuň bagtly we abadan durmuşy ugrunda Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleri BMG-niň oňlaýandygyny hem-de dolulygyna goldaýandygyny belledi. Döwlet ösüşiniň özboluşly ajaýyp nusgasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň tejribesine dünýä bileleşiginiň barha artýan gyzyklanmasy hakynda aýdyp, A.Tihomirow köp ykdysady görkezijiler, aýratyn-da, jemi içerki önümiň görkezijileri boýunça häzirki wagtda türkmen döwletini ilkinji orunlaryň birine çykarýan durmuş we ykdysady ösüşde ýurduň uly üstünlikler gazanandygyny belledi.

Myhman bilen söhbetdeşligiň barşynda milletiň Lideri Türkmenistanyň bu gün häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy ugurlaryna kesgitli orun berýän Birleşen Milletler Guramasy bilen däp bolup gelýän netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýändigini, öz saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Şu ýyllarda milli we halkara ähmiýetli bilelikdäki möhüm taslamalaryň onlarçasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň BMG-niň gulluklaryndan hem-de abraýly halkara düzümlerinden gelip gowuşýan täze tekliplere gyzyklanma bilen garamaga we öwrenmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Halkara informatizasiýa akademiýasynyň wise-prezidenti umumy wezipeleri çözmekde hem-de müňýyllygyň öňde goýan maksatlaryna ýetmekde ynamdar, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlar bolup durýan Türkmenistanyň we BMG-niň netijeli gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Myhmanyň derejesini nazarda tutmak bilen, öz ösüşinde innowasion informasiýalar hem-de kommunikasiýalar tehnologiýasyny ornaşdyrmak ulgamyna uly ähmiýet berýän Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmagyň meselesine öwrüldi.

Duşuşygyň ahyrynda Halkara informatizasiýa akademiýasynyň wise-prezidenti köp ýyllyk gatnaşyklary üstünlikli öňe ilerletmekdäki şahsy goşandy we hemmetaraplaýyn goldawy hem-de wajyp ugurlaryň hatarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täzeçe çemeleşmeleriň ýokary derejesi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

İstanbul’da İkamet İzni Başvurusunda Bulunan Yabancıların Durumuna İlişkin Açıklama

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan Gaz Geçirijisiniň Gurluşygyna Badalga Berildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach