04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Balkanabat Şäherinde Woleýbol Boýunça Ýaryş Geçirildi

Ýakynda Balkanabat şäherinde ýerleşýän ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerde bilim alýan talyp oglan-gyzlaryny arasynda woleýbol boýunça bäsleşik geçirdi.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda guralan bu ýaryş Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, TMÝG-nyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň topary I orna, Balkan welaýat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary II orna, Halkara nebit gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäher bölüminiň topary bolsa III orna mynasyp bolmagy başardylar.

Gyzlaryň arasynda bolsa Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň topary I orna, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň topary II orna, Balkan welaýat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary III orna eýe bolup ýeňişini baýram etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Komiteti Öz Işine Başlady

turkmenhabargullugy

Indi Demir Ýol Peteklerini Poçta Bölümlerinden Hem Satyn Alyp Bolýar

turkmenhabargullugy

Bilim Ulgamyna Ýardam Bermek Boýunça Ýewropa Bileleşigi Bilen Bilelikdäki Taslama Durmuşa Geçirilýär