18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Balkanabat Şäherinde Woleýbol Boýunça Ýaryş Geçirildi

Ýakynda Balkanabat şäherinde ýerleşýän ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerde bilim alýan talyp oglan-gyzlaryny arasynda woleýbol boýunça bäsleşik geçirdi.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda guralan bu ýaryş Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, TMÝG-nyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň topary I orna, Balkan welaýat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary II orna, Halkara nebit gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäher bölüminiň topary bolsa III orna mynasyp bolmagy başardylar.

Gyzlaryň arasynda bolsa Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň topary I orna, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň topary II orna, Balkan welaýat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary III orna eýe bolup ýeňişini baýram etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziaýa-2017-niň Baş Meýdançasynyň Abadanlaşdyrylyşynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Katar Bilen Baglanyşykly Diplomatik Dartgynlyk Gaz Bazaryna Barha Köp Täsir Eder

Dünýä Çempionatynda Gazanylan 14 Medal

syrach