15.01.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Ilkinji Gibrid Uçar Synag Edildi

Fransiýanyň «VoltAero» kompaniýasynyň ilkinji gibrid uçary uçuş synagyndan geçirildi. «Cassio 1» uçary «Nissan» kompaniýasy tarapyndan öndürilen elektrik hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň elektrikli hereketlendirijileriniň kuwwaty 61 ýa-da 95 at güýjüne eýedir.

2021-2022-nji ýyllarda «Cassio» uçarlarynyň üç görnüşi köpçülige hödürlener. Olar doly elektrik togy bilen hereket edip, 4 adama niýetlenendir. Şeýle hem uçarlaryň 2 görnüşi 6 we 9 orunlyk bolar. Bu uçarlar 3 sany elektrikli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylar.

«Cassio» uçarlarynyň elektrik togy bilen işleýän görnüşleriniň uçuş aralygy 200 kilometre deň bolar. Gibrid uçarlar bolsa 600 kilometre çenli uçup bilerler.

Aýbölek Jumamyradowa,

S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

Degişli makalalar

Iki Aýyň Dowamynda Türkmenistana Daşary Ýurt Wekiliýetleriniň 64-si Gelip Gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Bildiriş (Türkmenistan İstanbul Başkonsolosluğu Hakynda)