04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabatda Tälimçileriň Okuw-Maslahatyna Badalga Berildi

Aşgabat şäherindäki “Köpetdag” stadionynyň konferens-zalynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň “C” derejeli tälimçilik lisenziýasyny almak ugrundaky okuw-maslahatyna badalga berildi.

Iki hepdeläp dowam etjek okuw-maslahatyny AFK-nyň gözükdirijisi, ýerli hünärmen Röwşen Muhadow geçirýär. Okuw-maslahatynyň dowamynda R.Muhadowa ýerli hünärmen Eziz Annamuhammedow kömekleşer.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy AFK-nyň “C” derejeli lisenziýasyny almak ugrundaky okuw-maslahatyny ýylyň-ýylyna geçirip durýar. Bu okuw –maslahatyna diňleýjileriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

4-17-nji maý aralygynda dowam etjek okuw-maslahatynda nazaryýetdir tejribe sapaklary geçiriler.

Okuw-maslahatynyň tejribe sapaklary “Aşgabat” hem-de “Köpetdag” stadionlarynyň meýdançalarynda geçiriler.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanly Türgenleriň BAE-de Geçirilen Ýörite Olimpiadada Gazanan Üstünlikleri

Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşikleri.

syrach

Türkmenistanda Çaganyň Hukuklary Boýunça Konwensiýanyň Kabul Edilmeginiň 30 Ýyllygy Bellenildi